Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Mekdep dynç alyşynyň wagty uzaldyldy, toý-sadakalar ýatyryldy, obalara oksolin paýlanýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we çeşmeleriniň habar bermegine görä, Türkmenistanda häkimiýetler koronawirus keseliniň ýurtda ýaýramagynyň öňüni almak babatynda, resmi derejede yglan etmezden, käbir çäreleri görýär.

30-njy martda Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçysy Türkmenistanyň orta mekdeplerinde häzirki wagtda dowam edýän mekdep dynç alyşynyň wagtynyň 6-njy aprele çenli uzaldylandygyny habar berdi.

Ondan ozal, Türkmenistanyň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugyndaky bir çeşme häkimiýetleriň ýurt boýunça orta mekdeplerde häzirki wagtda dowam edýän dynç alyşy 6-njy aprele çenli uzatmagy ara alyp maslahatlaşýandyklaryny anonim şertde habar beripdi.

Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuwçylar okuw ýylynyň III çärýeginiň tamamlanmagy bilen mart aýynyň üçünji ongünlüginde dynç alyşa goýberilýärler.

Ýurtdan gowuşýan maglumatlara görä, häkimiýetler ýokanç keseliň fonunda ýygnanyşyklaryň öňüni almak maksady bilen, raýatlaryň şahsy durmuşyna degişli köpçülik çärelerini gadagan edýär.

“1-nji aprelden başlap ähli toý çäreleri we sadakalar ýatyrylýar” diýip, habarçymyz 30-njy martda ýurt içinden habar berdi.

Hökümet resmileri we döwlet emeldarlary bu çäreler boýunça Türkmenistanyň döwlet media we metbugat serişdelerinde çykyş etmeýär.

Şol bir wagtyň özünde ýurduň käbir etraplarynda we daýhan birleşiklerinde ýerli lukmanlar 23-nji martdan bäri ilat arasynda oksolin melhemini paýlaýar.

Lukmançylyk maslahatlaryna görä, gripden goranmak üçin buruna çalynýan bu dermanyň koronawirusy garşy täsiri ylmy taýdan subut edilmedi.

“Halaç etrabynyň Halaç, Ajy, we Surh atly obalarynda hem-de Magdanly şäherçesiniň lukmançylyk nokatlarynda lukmanlar we feldşerler her daýhan birleşige 3 guty oksolin gelini paýlamaga borçly edildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy aýdýar.

Onuň maglumatlaryna görä, agzalýan oba lukmançylyk nokatlarynyň her haýsy 5-6 müň ilatly obalara we daýhan birleşiklere hyzmat edýär.

“Oba lukmanlary bary-ýogy 2-3 guty oksolini müňläp adama nädip ýetirmelidigini alada edýär” diýip, habarçymyz aýtdy.

Onuň maglumatlaryna görä, käbir oba lukmançylyk nokatlarynda buruna çalynýan oksolin medisina işgärleriniň öz hasaplaryna satyn aldyrylýar.

Häkimiýetleriň oksolin talaplary bilen bir hatarda, onuň bahasy hem ýokarlandy.

“10 manatlyk oksolin 45 manada çykdy” diýip, habarçymyz aýdýar.

Ol ýokanç kesellere garşy zerur bolan beýleki lukmançylyk serişdeleriň Lebapdaky üpjünçilik ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Habarçymyzyň maglumatlaryna görä, dermanhanalarda antiseptik gel, bir saparlyk medisina ellikleri hem-de maska tapdyrmaýar, spirt 7 manatdan 15-20 manada gymmatlady.

Martyň ortalarynda döwlet baştutanynyň ýokanç kesellere garşy ýüzärlik tütedip göreşmegi maslahat bermeginden soň, habarçymyzyň maglumatlaryna görä, onuň bahasy Lebabyň Kerki we Köýtendag etraplarynda häzirki wagtda 20 manada çykdy.

Wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak bilen baglylykda Türkmenistanda raýatlaryň bir welaýatdan başga welaýata gidip gelmegi resmi taýdan 20-nji martdan başlap çäklendirildi. Syýahata etmäge hukugy bolan raýatlardan saglyk kepilnamasy talap edilýär. Habarçylarymyz bu çäklendirmeleriň etraplaryň arasyndaky herekete hem degişlidigini habar berýärler.

“Lebapda etraplaryň arasynda hereket etmek üçin “saglyk sprawkasy” 400 manat. Ony almak üçin uly nobatlar bar” diýip, lebaply habarçymyz aýtdy.

Lebabyň dermanhanalarynda medisina ellikleri, maskalar hem-de antiseptik geller tapdyrmaýan wagty, habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, ýurt boýunça hassahanalarda lukmanlar üçin ýörite geýimler hem ýetmezçilik edýär.

“Lukmanlaryň ätiýaç ýörite lukmançylyk geýimleri ýok. Käbir hassahanalar ýörite lukmançylyk geýimlerini sargap başlady. Olar geýimleri öz hasaplaryna satyn almaly” diýip, beýleki bir habarçymyz anonim şertde ýurt içinden habar berdi.

Türkmenistanda şu wagta çenli koronawirus hassasy resmi derejede hasaba alynmady. Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri, şu wagta çenli Çoganlynyň Ýokanç keselleri hassahanasynda azyndan iki adamda, Azerbaýjandan Türkmenistana paromly baran azyndan 10 ýolagçyda koronawirusyň anyklanandygyny, Eýran bilen serhetleşýän Etrek etrabynda hem-de Balkanyň administratiw merkezinde koronawirusyň ýüze çykyp başlandygyny habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär

XS
SM
MD
LG