Belarusda tapgyr üçünji gije prezidentlik saýlawlaryndan soňky protestler dowam etdi.
Bu aralykda, hökümetiň oppozisiýany basyp ýatyrmagynyň arasynda, prezidentlige dalaş eden esasy kandidat Swýatlana Tihonowskaýa 11-nji awgustda ýurdy terk edip, Litwa aşdy.
Polisiýa paýtagt Minskdäki protestçileri dargatmak üçin göz ýaşardyjy gazlary, rezin oklary we seňselediji granatlary ulandy.
Internetde ýerleşdirilen wideolarda şäheriň dürli künjeklerinde adamlaryň tussag edilendigini hem görse bolýar.
Galkanly we rezin dürreli polisiýa işgärleri adamlara, žurnalistlere we ulaglaryndan signal berenlere hem hüjüm etdi.
Belarusyň beýleki şäherlerinde hem demonstrasiýalar geçirildi, şeýle-de protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy.
Protestçiler 9-njy awgustda geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň resmi netijelerine garşy çykýarlar. Şol saýlawlarda, ýurdy 26 ýyl bäri dolandyryp gelýän Aleksandr Lukaşenka ýeňiji diýlip yglan edildi.
Saýlawlardan bäri 5 müňden hem aşa adam tussag edildi.
Bu aralykda, Belarusda tussaglykdan azat edilen rus žurnalisti Semýon Pegowyň sözlerine görä, onuň oturan kamerasynda beýlekiler bilen birlikde türkmenistanlylar hem saklanypdyr.