Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

HRW Bişkegi özbek žurnalistini Daşkende ekstradisiýa etmezlige çagyrdy


Žurnalist Bobomurod Abdullaýew

Human Rights Watch (HRW) gyrgyz häkimiýetlerini tussag edilen özbek žurnalisti Bobomurod Abdullaýewi Daşkende ekstradisiýa etmezlige çagyrdy. Ondan ozal, Abdullaýew Daşkendiň haýyşy boýunça Bişkekde saklanypdy.

12-nji awgustda beren beýanatynda düýbi ABŞ-da ýerleşýän halkara adam hukuklary topary Bişkekden žurnalisti boşatmagy talap etdi.

“Abdullaýew yzyna, Özbegistana ugradylan halatynda onuň gynamalara sezewar bolmak töwekgelçiligi sebäpli, Gyrgyzystanyň baş prokuraturasy özbek häkimiýetleriniň haýyşyny ret etmeli” diýip, HRW-nyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça direktory Hugh Williamson aýtdy.

Gyrgyz häkimiýetleri Abdullaýewiň 9-njy awgustda Bişkekde saklanandygyny we Özbegistanyň ekstradisiýa haýyşyna seredilýän wagty onuň 8-nji sentýabra çenli tussaghanada saklanjakdygyny aýtdy. Abdullaýewiň adwokaty Timur Karabaýew Abdullaýewiň fewraldan bäri Gyrygyzystandadygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG