Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetliler Putine garşy protestlerini dowam etdirýär, "Uzak ýaşa, Belarus!" diýip gygyrýar


Habarowsk.
Habarowsk.

Müňlerçe demonstrant Russiýanyň Uzak Gündogaryndaky Habarowsk şäherinde ýöriş geçirdi. Bu ýerde bir aýdan gowrak wagt bäri prezident Wladimir Putiniň sebitdäki syýasy krizisde oýnaýan roluna garşy ýörişler geçirilýär.

Protestçileriň käbiri 15-nji awgustda Habarowsk şäheriniň içinden geçip barşyna "Uzak ýaşa, Belarus!" diýip gygyrmak bilen, Belarusda geçirilen ses berişligiň galplaşdyrylandygyny aýdýan we muňa garşy çykýan protestçileri goldaýandyklaryny bildirdiler.

9-njy awgustda Belarusda geçirilen saýlawda 26 ýyllyk prezident Aleksandr Lukaşenkanyň altynjy möhlete prezident saýlanmagynyň yglan edilmegi we nägilelik bildirenleriň urlup-ýenjilmegi ýurtda uly protest çäreleriniň geçirilip başlamagyna alyp geldi.

Uzak gündogarly demonstrantlar merkezi häkimiýetler gubernator Sergeý Furgaly tussag edip, paýtagt Moskwa äkideli bäri gahar-gazap bildirmek üçin Habarowskdäki köpçülikleýin demonstrasiýalara gatnaşdylar. Habarowsk protesti mahalynda tussag edilenler barada barada maglumat ýok.

Habarowskiň häkimiýetleri demonstrantlaryň sanynyň "ep-esli azalandygyny" we 15-nji awgust ýörişine bary-ýogy 1500 adamyň gatnaşandygyny aýtdylar. Ýöne ýörişiň göni ýaýlymynda oňa birnäçe müň demonstrantyň gatnaşandygy görkezildi. Protestçiler Furgalyň derrew boşadylmagyny talap etdiler.

XS
SM
MD
LG