Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa ‘milli lider’ bolmaga taýýardygyny aýdýar; Lukaşenka täze saýlawlary ret edýär


Belarus oppozisiýa dalaşgäri Swýatlana Tihanowskaýa (çepde) we belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka

Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenka ýurtda täze saýlawlaryň geçirilmejekdigini, emma özüniň häkimiýeti paýlaşmagy we konstitusiýa üýtgeşmeleri girizmegi isleýändigini aýtdy. Şol bir wagtda, ol munuň protestçileriň basyşy sebäpli amal edilmeýändigini belledi.

Ol häkimiýeti gaýtadan üleşdirjek mümkin konsitutisiýa düzedişleriniň üstünde eýýäm işleriň alnyp barylýandygyny aýtsa-da, bu barada jikme-jik maglumat bermedi.

Bu aralykda, belarus oppozisiýa dalaşgäri Swýatlana Tihanowskaýa ýurduň başyna geçmäge taýýardygyny aýtdy.

Belarusda 9-njy awgustda geçirilen ses berişlikde 26 ýyllyk dolandyryjy Lukaşenka Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan ýeňiji diýlip yglan edilipdi. Munuň yzy bilen, saýlawyň galplaşdyrylandygyny aýdyp, adamlar köpçülikleýin protestlere çykdylar.

37 ýaşly Tihanowskaýa saýlawlardan soň, mundan bir hepde ozal, Litwa aşdy.

16-njy awgustda çap eden wideo-ýüzlenmesinde Tihanowskaýa täze adalatly saýlawlaryň geçirilmegi üçin kanuny binýady işläp düzmäge çagyrdy. Lukaşenka muny dessine ret etdi.

Tihanowskaýa eger-de howpsuzlyk we kanun goraýjy işgärleri taraplaryny üýtgedip, Lukaşenkanyň hökümetini goldamagyny bes etseler, onda olaryň ozalky etmişleriniň bagyşlanjakdygyny hem aýtdy.

XS
SM
MD
LG