Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Aşgabatda býujet işgärleri öz hasabyna medisina barlagyndan geçirilýär


Illýustrasiýa suraty.
Illýustrasiýa suraty.

Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirliginiň “Aşgabatýylylyk” trestiniň işgärleri ýene-de medisina barlagyndan geçmäge mejbur edilýär. Barlag wagtynda işgärleriň arasynda sosial aralygy saklamak düzgünleri berjaý edilmeýär. Aşgabadyň ýokary okuw jaýlaryna welaýatlardan baran studentler iki hepdelik karantine alyndy. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 17-nji awgustda habar berdi.

Türkmenistanda häkimiýetler koronawirusy inkär edýän wagty, Aşgabatda býujet işgärlerini köpçülikleýin saglyk barlagyndan geçirmek tejribeleri bahar aýlaryndan bäri dowam edýär. Azatlyk Radiosynyň aşgabatly habarçysy köp sanly býujet işgäriniň “bu barlaglardan gaça durmak üçin para berýändigini” aýdýar.

Ol şeýle barlaglary häkimiýetleriň awgust aýyndan başlap, täzeden gaýtalamak kararyna gelendiklerini gürrüň berdi.

Habarçy 10-njy awgustdan bäri “Aşgabatýylylyk” trestiniň köp sanly bölüminiň işgärleriniň lukmançylyk barlagyndan geçmäge mejbur boýandyklaryny, indi olardan “146 belgili” saglyk kepilnamasynyň talap edilýändigini habar berdi.

“Bu jemagat hojalygy edarasynyň binasy 30-njy şäherçede, Gurban Durdy köçesinde ýerleşýändigi sebäpli, işgärleriň belli bir bölegi kepilnama almak üçin etrabyň 2-nji saglyk öýüne iberildi. Işçileriň biri-birinden üzňelikde işleýän beýleki bölegi sosial aralygy köpçülikleýin saklamazdan trestiň edara jaýyna ýygnandy. 14-nji awgustda “Aşgabatýylylyk” trestiniň edara jaýyna şäheriň dürli ýerlerinde işleýän 60 töweregi adam geldi. Olara ýörite bellenen uly bolmadyk otagda 4 medisina işgäri garaşýardy. Olarda gorag serişdesi hökmünde diňe maska bardy, diňe pasportlary alýan bir medisina işgärinde ellik bardy” diýip, habarçy gürrüň berdi.

Medisina işgärleri saglyk barlagynyň çäginde trestiň işçilerinden olaryň agramyny, boýuny, gan basyşyny sorady, “özleri ölçemedi” diýip, habarçy aýtdy. Şeýle-de, olar işçileriň bokurdak agyrysy, üsgülewük ýaly ýagdaýlary bilen gyzyklandy, “beden gyzgynlygyny hem ölçemediler” diýip, habarçy aýtdy.

Bu barlaglar üçin saglyk ätiýaçlandyryşyna eýe bolan işçiler 17 manat, beýlekiler 33 manat töledi. “Şeýle-de, ‘Türkmenistanda ýok wirusyň’ sagdyn işgärlere-de ýokaşmagyna ‘goşmaça mümkinçilik’ döredi” diýip, habarçy barlag wagtynda sosial aralyk düzgünleriniň berjaý edilmändigine ünsi çekdi.

Aşgabatda saglyk barlaglary bilen bagly talaplar birinji klasa barýan mekdep okuwçylaryna-da degişli edildi.

“Birinji klas okuwçylaryň ene-atalary gulak, burun we bokurdak keselleri boýunça LOR lukmanynyň medisina barlag netijelerini getirmeli edildi. Kepilnamanyň berlen senesi 28-nji awgustdan ir bolmaly däl” diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, welaýatlardan gelip, Aşgabadyň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan talyplary 15-nji awgustda welaýat merkezlerinden (Daşoguzdan, Marydan, Türkmenabatdan we Balkanyň Türkmenbaşy şäherinden) otly bilen paýtagta getirmek işleri gurnaldy. Ýöne otludaky talyplar Aşgabada baryp ýetmedi. Azatlygyň habarçysy olaryň “90 razýezd” diýlip, atlandyrylýan ýerde düşürilendiklerini we olaryň ýene bir gezek beden gyzgynlygynyň ölçenip, şondan soň, umumy ýaşaýyş jaýlaryna iki hepde karantin üçin ugradylandyklaryny habar berdi.

Bu aralykda, Aşgabatda “Polimeks” türk kompaniýasynyň öňki binasynda ýerleşýän karantin merkezi näsag kabul etmegi bes etdi.

Azatlygyň habarçysy merkeziň näsag kabul etmegi bes etmeginiň Aşgabatda, hamala, keseliň selçeňleşmegi bilen düşündirilýändigini, aslynda welin bu ýagdaýa merkeziň näsagdan dolmagynyň sebäp bolýandygyny habar berdi.

“Derman ýok. Näsaglar garyndaşlarynyň getiren zatlary bilen bejerilýär. Şeýle mümkinçiligi ýok adamlar, lukmançylyk kömegi bolmazdan ölýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Şeýle-de, ol geçen aý Aşgabatda 48 ýaşly bir mekdep mugallymynyň “bu keselden” aradan çykandygyny, golaýda onuň ene-atasynyň hem aradan çykandygyny habar berdi.

Azatlyk Radiosy habarçynyň howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli heläk bolan adamlaryň at-familiýalaryny we beýleki maglumatlaryny mälim etmekden saklanýar.

Türkmenistanyň saglyk edaralary şu wagta çenli ýurtda hiç hili COVID-19 wakasyny resmi taýdan hasaba almady.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG