Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabadyň mekdeplerinde COVID-19 barlaglaryna başladylar


Aşgabadyň orta mekdebi (illýustrasiýa suraty)
Aşgabadyň orta mekdebi (illýustrasiýa suraty)

Türkmenistan koronawirus boýunça köpçülikleýin barlaglara taýýarlyk görýär. Habarçylarymyzyň maglumatlaryna görä, COVID-19 anyklamak boýunça testler käbir orta mekdeplerde, çagalar baglarynda başlanypdyr. Munuň bilen bir wagtda-da, ýurduň häkimiýetleri koronawirus bilen kesellänleriň bardygyny aýtmaýarlar, emma gözegçiligi güýçlendirmegi, çäklendirme girizmegi dowam etdirýärler, ilata bolsa infeksiýadan goranmak üçin maska dakynmagy gadagan edýärler we hatda koronawirusy agzanlary yzarlaýarlar. Häkimiýetler öz hereketlerini profilaktika diýip atlandyrýarlar we öz çärelerini "planetany gurşap alan güýçli wirus infeksiýasynyň" öňüni almak üçin prewentiw çäre diýip häsiýetlendirýärler.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň biri paýtagtyň orta mekdeplerinde we çagalar baglarynda COVID-19 keselini anyklamak üçin testleriň başlanandygyny 10-njy aprelde habar berdi.

Habarçylarymyzyň ýene biri käbir mekdeplerde lukmanlaryň çagalaryň saglygyny barlamak boýunça işleri 21-nji we 26-njy aprel aralygynda geçiriljekdigini habar berdi.

Azatlyk Radiosy bu barada Aşgabadyň saglygy saklaýyş we bilim edaralaryndan resmi maglumat alyp bilmedi.

9-njy aprelde Azatlygyň Lebapdaky habarçysy welaýat mekdeplerinde COVID-19 keselini anyklamak üçin test sistemalaryň gelmegine garaşylýandygyny habar beripdi.

Habarçylarymyz bilen anonim şertlerde söhbetdeş bolan saglygy saklaýyş edaralaryň işgärleri Türkmenistana test sistemalaryň daşary ýurtlardan barandygyny aýdýarlar.

"Hytaýdan koronawirusy anyklaýan testleri uly möçberde getirdiler we her bir islän adam keselhanalarda barlagdan geçip bilýär. Häzir şäher boýunça käbirlerinde, emma ýakyn wagtda hemmesinde. Hassahanalaryň ählisinde hem barlaglar geçirilýär, adamlar tapawudy ýok näme kesel bilen gelseler-de, barlanýar", - diýip Aşgabatdaky habarçymyz saglygy saklaýyş sistemasyndaky çeşmelerine salgylanyp, habar berýär.

Habarçylarymyz koronawirusy anyklamak boýunça edilýän we indi ediljek barlaglaryň pully bolup-bolmazlygyny we bahasyny entek anyklap bilmediler.

Üstesine, Türkmenistanda soňky wagtda COVID-19 keseline uçran adamlary bejermek üçin keselhanalar taýýarlanýar, saglygy saklaýyş işgärlerine bolsa koronawirus barada geplemek gadagan edilýär.

Şu günki gün türkmen häkimiýetleriniň koronawirus barlaglaryny giň derejede geçirmäge taýýarlyk görýäne meňzeýär.

Şol bir wagta-da, bir aý mundan öň ýurtda kesellänleriň ýekejesiniň-de ýokdugyny yglan eden resmiler Türkmenistanda COVID-19 bilen bagly şu günki ýagdaý barada köpçülige doly maglumatlar bermän gelýär.

Uzak wagtlap dowan eden dymyşlykdan soň 8-nji aprelde prezident Gurbanguly Berdimuhamedow COVID-19 barada çykyş etdi we Türkmenistanda "ýiti dem alyş keselini" anyklamak üçin köptaraplaýyn iş geçirmegi tabşyrdy.

Hökümete ilatyň ähli gatlaklarynyň saglyk ýagdaýyny analiz etmek "profilaktiki medisina barlaglaryny, şol sanda goşmaça gözegçilik usullaryny" ulanmak tabşyryldy.

Resmi metbugata görä, munuň bilen baglylykda etraplarda we şäherlerde medisina işgärleriniň ýörite toparlary dörediler olar dowamly iş geçirer. Prezidentiň pikirine görä, muňa çagalar baglaryndan, orta we ýokary mekdeplerden başlamaly diýip Türkmen habarlar gullugy ýazýar we mekdeplerde, çagalar baglarynda infeksiýanyň ýaýramazlygy üçin çäre görmegiň tabşyrylandygyny belleýär.

Emma türkmen häkimiýetleri ilata infeksiýadan goranmak üçin esasy serişdeleri ulanmaga rugsat bermeýärler. Şu günki gün, ilata köpçülikde maska dakynmak, dermanhanalara ilata maskalary satmak gadagan edilýär. Habarçylarymyzyň sözlerine görä, maska dakynanlar uly pul jerimesine ýa-da tussaglyga sezewar edilýär. Köpçülikde koronawirus sözüni agzan adamlar basyşa sezewar bolýar.

Şu günki gün heläkçilikli COVID-19 keseliniň global pandemiýasynyň dowam edýän wagtynda we Bütindünýä saglyk guramasynyň köpçülige çykmazlyga ündemegine garamazdan, Türkmenistan müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky sport çäreleri we tomaşaly dabaralar bilen Bütindünýä saglyk gününi belledi. 7-nji aprelde häkimiýetleriň gurnan welosipedli ýörişine tutuş ýurt boýunça 7 müň adam gatnaşdy.

Indi Türkmenistan bedew baýramyna taýýarlyk görýär.

Global pandemiýa we köpçülikleýin çäreler. Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi belledi
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:58 0:00

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG