Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gymmat düşen ýarty halta kartoşka ýa-da sürüjiler polisiýadan näme üçin nägile bolýar?


Aşgabat. Ýol gözegçileri. Arhiw suraty
Aşgabat. Ýol gözegçileri. Arhiw suraty

"Elbetde, bu sowet döwründen gelýär. Ýol gözegçisi 20 ýaşly ýigit bolsa-da, ýolda saklanan sürüjiler oňa "ýaşuly, agam" diýip ýüzlenýär we özara dil tapyp, jerimesiz, sürüjilik şahadatnamasyna zeper ýetirmän sypjak bolýar."

Polisiýanyň ýol-gözegçilik gullugynyň işgärleri raýatlara dürli sebäpler we bahanalar esasynda jerime salmak arkaly döwlet gaznasyny doldurmak synanyşyklaryny barha güýçlendirýäne meňzeýär, gözegçilik kameralaryny ulanmak, korrupsiýany azaltmak barada berlen tabşyryklar ýerine ýetirilmeýär diýip, ýurt içinden gowuşýan maglumatlarda aýdylýar.

Ýol gözegçiligi işgärleri Howdan "B" etrapçasynyň jaýlarynyň golaýynda ewakuatorly, düzgün bozan sürüjileriň awtoulaglaryny alyp gitmek üçin enjamlaşdyrylan maşynly nobatçylyk çekýärler diýip, Azatlygyň habarçysy 20-nji awgustda habar berdi.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler jaýlaryň golaýynda az wagtlyk säginen awtoulaglary hem haýdan-haý maşyna ýükläp, Çoganlydaky jerime duralgasyna alyp gidýärler we aşgabatlylar bu hili jerime salyş usulynyň soňky wagtlarda has ýygjamlaşmagyndan nägile bolýarlar. Mundan öň türkmenistanlylar awtoulaglarynyň reňkleri bilen bagly köp çykdaja galmaly bolupdylar.

Gürrüňi edilýän nägileligi 55 ýaşlaryndaky howdanly ýaşaýajy hem tassyk etdi we öz şaýat bolan wakasyny gürrüň berdi.

"Düýn bir garyndaşymyň ogly öz maşyny bilen oba gidip, agşam sagat 23:10-da dolanyp geldi. Obadaky dogany oňa, eliň boş gitme diýip, ýarty halta kartoşka beripdir. Ol awtoulagyny jaýymyzyň girelgesiniň agzynda goýup, ýarty halta kartoşkany ylgap diýen ýaly dördünji gata çykardy. Şobada hem ulagyny awtoduralga äkitmek üçin yzyna geldi we maşynynyň ewakuatora ýüklenip durandygyny gördi" diýip, Azatlyk bilen gürleşen howdanly ýaşaýjy aýtdy.

"Elbetde, bu sowet döwründen gelýär. Ýol gözegçisi 20 ýaşly ýigit bolsa-da, ýolda saklanan sürüjiler oňa "ýaşuly, agam" diýip ýüzlenýär we özara dil tapyp, jerimesiz, sürüjilik şahadatnamasyna zeper ýetirmän sypjak bolýar. Garyndaşymyň ogly hem ýagdaýy düşündirjek bolup ýalbardy, emma peýda bolmady, onuň maşynyny Çoganlydaky jerime duralgasyna alyp gitdiler" diýip, anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.

Türkmenistanyň ýollarynda sürüjiler öň esasan tizlik meselesinde jerime tölemeli bolýardylar, ýol polisiýasy bukurak ýerde durup, awtoulaglaryň ýörite enjam bilen tizligini ölçeýärdi we bu barlag netijesinde döwlet gaznasyna düşmeli serişde köplenç has az möçberde polisiýa işgäriniň jübüsine düşýärdi diýip, synçylar aýdýarlar.

Emma soňky ýyllarda, paýtagtda we beýleki ýerlerde awtoulag duralgalarynyň köp gurulmagy bilen baglylykda, ýol polisiýasynyň awtoulaglaryny öz ýaşaýan ýerleriniň golaýynda goýýan sürüjilere garşy hem gündiz, hem gijelerine "aýgytly" göreş alyp barýandygy habar berilýär.

Bu bir tarapdan döwlet baştutanynyň dikuçarly şäheriň ýokarsyndan aýlanmagy we awtoulaglaryň goýulýan ýerleri babatda berk düzgünleri öňe sürmegi bilen bagly bolsa, ikinji tarapdan, awtoulag duralgalaryny guran adamlaryň biznesine ýokardaky ýolbaşçylaryň hossarlyk etmegi, olaryň müşderisiniň köpeldilmek zerurlygy bilen düşündirilýär.

Emma muňa garamazdan, sürüjileriň awtoulaglaryny öz ýaşaýan ýerleriniň golaýynda goýmak endiklerinden çykyp bilmezligi ýa-da az wagtlyk goýanym bilen hiç zat bolmaz-la diýip pikir etmegi sebäpli, anonimlik şertinde gürleşen polisiýa işgäriniň aýtmagyna görä, soňky döwürde awtomobilleriň goýulmasyz ýerleri bilen bagly gadaganlyklar has köp jerime toplaýar.

Ýöne Azatlygyň habarçylary türkmen paýtagtynda we beýleki ýerlerde sürüjilerden alynýan jerimeleriň möçberleri, olaryň azalýandygy ýa köpelýändigi, haýsy düzgün bozmalaryň has kän serişde toplaýandygy barada resmi maglumat alyp bilmediler.

Içeri işler ministri Mämmethan Çakyýew Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde ýylyň ýedi aýynda edilen işleriň netijeleri barada hasabat berip, düzgün bozmalaryň köpelýändigi ýa azalýandygy barada hiç bir anyk zat aýtmady.

Şol bir wagtda, TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýol-gözegçilik gullugynyň işini talabalaýyk guramaga aýratyn üns bermegi talap etdi. Bu hili talaplar, şol sanda maglumat tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy baradaky tabşyryklar ozalam birnäçe gezek gaýtalanypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG