Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda täze radar kameralary oturdylandan soň, jerimäniň mukdary 10 esse ýokarlandy


Arhiwden alnan surat. Illýustrasiýa suraty
Arhiwden alnan surat. Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň Türkmenabat-Saýat-Kerki aralygyndaky awtomagistralda ulag sürüjileriniň tizligine gözegçilik edýän täze wideo-foto radar kameralarynyň onlarçasy oturdyldy.

Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysy bu radar kameralaryň bir aý ozal işläp başlandygyny we şondan soň jerimäniň mukdarynyň ençeme esse artdyrylandygyny aýdýar.

"Bu awtomagistralyň uzynlygy ortaça 400 kilometr bolup, bu aralykda 80 çemesi wideo-foto radar kamera oturdylypdyr. Olar ýoluň gyralarynda ýerleşdirilen ortaça 1 metr 20 santimetr belentlikdäki demir sütünleriň ýokarsyna, aýna gutulara gurnalypdyr. Bular bir aý bäri test režiminde işleýärdi. Bir aýyň dowamynda rugsat berilýän tizlikden ýokary tizlikde süren sürüjileriň öýlerine yzygiderli jerime kagyzlary gelip gowuşýar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji iýulda gürrüň berdi.

Onuň sözüne görä, bu radar kameralary esasynda ýol hereketiniň düzgünlerini bozandygy kesgitlenen ulag sürüjilerine adatdakysyndan 10 esse ýokary jerime töledilýär.

"Öň bu ýolda ýokary tizlik 60 görkezilen bolsa, ulag sürüjisi 80-110 aralygyndaky tizlikde radara düşse, onda oňa 150 manat pul jerimesi salynýardy. Häzir sürüjiler şu tizlige 1500 manat jerime tölemeli bolýarlar. Jerimäni 30 gün içinde tölemeseň, geçirilen her gün üçin jerime mukdary artýar" diýip, habarçy belledi.

Onuň aýtmagyna görä, sürüji jerimäni 1 aý içinde tölemese, onda onuň mukdary 100% ýokarlanýar. Adamlar şondan soňra-da jerimäni tölemese, olaryň işi kazyýete geçirilýär. Sürüjiniň ulagy jerime duralgasyna ýerleşdirilýär. Şondan soň olar jerimäniň ençeme essesini tölemeli bolýarlar.

Habarçy welaýat polisiýa müdirliginiň anonimlik şertinde söhbetdeş bolan işgärlerine salgylanyp, soňky hepdelerde sürüjileriň öýlerine iberilen şeýle jerimeleriň sanynyň müňlerçedigini hem aýtdy.

"Bu jerime kagyzy "Türkmenpoçtanyň" üsti bilen iberilýär. Bular gazet-žurnallaryň öýlere getirilişinden tas 20 esse tiz öýe getirilýär" diýip, habarçy bu jerimeleri tölän ulag sürüjileriniň ençemesine salgylanyp aýtdy.

Polisiýa işgärleriniň tassyklamagyna görä, bu kameralar arkaly ýol polisiýasynyň sanyny azaltmak we döwlete gelýän girdejini artdyrmak göz öňünde tutulýar.

"Wideo-foto radarlar janly ýol polisiýasynyň 1 ýylda ýazýan jerimesini 1 aýda ýazga aldy. Munuň netijesinde döwlete uly girdeji geldi. Öň awtomagistralda durup, tizlige gözegçilik edýän ýüzlerçe polisiýa işgärini bu ýoldan aýyrdylar" diýip, habarçy polisiýa işgärleriniň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Polisiýa işgärleriniň sözüne görä, häzirki wagtda müňlerçe polisiýa işgärini işinden boşatmak barada welaýat polisiýa müdirligi derejesinde maslahat edilip, işinden gitjek ýol inspektorlarynyň sanawy taýýarlanýar.

"Polisiýa işgärleriniň, başga iş berilmezden, işinden boşadyljakdygy, häzirki işgärleriň diňe 10%-niň işinde galjakdygy aýdylýar. Olar postlarda durýan we ştablarda oturýanlar bolup, bu işgärler ýokary bilimliler bolar. Häzirki wagtda ýol polisiýasynyň işgärleri alasarmyk ýagdaýda" diýip, habarçy belledi.

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi awtomagistralda ýokary tizlikde ulag sürýän sürüjileriň azaljakdygyny aýdyp, radar kameralaryň oturdylmagyny gowy garşy alandyklaryny aýdýarlar. Şol bir wagtda-da, olar bu ýoldaky nogsanlyklaryň, şol sanda çukurlaryň we jaýryklaryň bejerilmeýändigine ünsi çekip, bu babatda döwlet tarapyndan hiç hili tagalla edilmeýändigini belleýärler.

Azatlyk Radiosy bu aýdylanlar barada Lebap welaýat häkimliginden we polisiýa müdirliginden kommentariý alyp bilmedi.

Lebap welaýatynda müňlerçe polisiýa işgariniň işden boşadyljakdygy baradaky maglumatlar, Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň ýitileşmeginiň arasynda, Azatlygyň habarçylarynyň sözüne görä, soňky ýyllarda işsizlikden kösenýän adamlaryň sanynyň barha artýan mahalyna gabat geldi.

Şu aýyň başynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy ýylyň başyndan bäri ençeme kärhananyň ýapylandygyny ýa-da birikdirilendigini aýdyp, munuň netijesinde ýüzlerçe adamyň işsiz galandygyny gürrüň berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG