Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: ABŞ we Braziliýa gyzgyn nokat bolmagynda galýar


COVID-19 ýaýraýan wagty Rio-de-Žaneýronyň Kopakabana plýažynyň kenarynda oturan iki adam
COVID-19 ýaýraýan wagty Rio-de-Žaneýronyň Kopakabana plýažynyň kenarynda oturan iki adam

Birleşen Ştatlarda we Braziliýada täze koronawirus wakalarynyň ýüze çykmagy dowam edýär. Bu ýurtlaryň ölüm derejesi gündelik tas 1,000 adamlygynda galýar.

19-njy awgustda Braziliýa 47,000-den gowrak täze koronawirus wakasyny habar berdi, 1,200 adam bu keselden aradan çykdy. Birleşen Ştatlary bolsa 44,000-den gowrak täze koronawirus wakasyny habar berdi, 1,300-den gowrak adam bu keselden heläk boldy.

ABŞ-da şu wagta çenli koronawirus tassyk bolan 5,5 million näsagdan 173,000 adam öldi.

Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, Braziliýa 3,4 million koronawirus wakasyny hasaba aldy, ondan heläk bolan adamlaryň sany 110,000 adama ýetdi.

Hindistan waka sanlary boýunça dünýäde dördünji ýerde durýar.Ol ýerde 2,7 million adama wirus ýokaşdy, 53,000 adam öldi.

Täze ýüze çykýan wirus wakalarynyň soňuna çykmaga synanyşýan ýurtlaryň hatarynda Awstraliýa bar. Onuň iň gür ilatly Wiktoriýa ştaty 20-nji awgustda 240 täze ýokaşma hasaba aldy, bu bir gün öňküsinden sähel ýokarydyr. Wirusyň täzeden ýaýrap başlamagy häkimiýetleri iki hepde mundan ozal Melburunda komendant sagadyny girizmäge we ştatyň ykdysadyýetini bölekleýin ýapmaga mejbur etdi. Awstraliýa şu wagta çenli 24000 COVID-19 ýokançlygyny hasaba aldy, 463 adam aradan çykdy.

XS
SM
MD
LG