Rus lukmanlary Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenme gümany astynda bejergi alýan Sibir keselhanasyndan başga ýere äkidilip bilinmejekdigini aýdýarlar.
Nawalnynyň ýatan Omsk keselhanasynyň baş lukmany “Nawalnynyň ulaga ýarawsyzdygyny, ýagdaýynyň durnuksyzdygyny aýtdy” diýip, Kira Ýarmyş 21-nji awgustdaky twitinde ýazdy.
"Alekseýi bu ýerden äkitmegiň gadagan edilmegi onuň janyna gönüden-göni howp bolup durýar. Omsk keselhanasynda, enjamlaryň ýa-da diagnozlaryň ýok ýerinde galmak ölüm howply" diýip, ol aýtdy.
Germaniýanyň howa tiz kömek gullugynyň uçary, huşsuz haldaky näsaglary bejermekde ýöriteleşen topar bilen, şu gün giçlik Omsk şäherine gonmaly diýip, ol twitter beýanatynda ýazdy.
Nawalnyý 20-nji awgustda Sibiriň Tomsk şäherinden Moskwa uçup barýarka, uçary Omskda gonmaga mejbur edip, gyssagly keselhana ýerleşdirlenden soň, diri galmak ugrynda göreşýär.
Onuň topary syýasatçynyň Tomsk howa menzilinde satyn alan çaýyny içeninde zäherlenendigini çaklaýar.
Omsk keselhanasyndaky lukmanlar bu diagnozy entek tassyklamadylar, ýöne munuň göz öňünde tutulýan birnäçe sebäpleriň biridigini aýtdylar.