Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Baýden prezident saýlansa, ýaranlar bilen bile durmak, ‘garaňky döwri’ soňlamak wadasyny berýär


ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Jo Baýden Demokratik partiýa tarapyndan prezidentlige hödürlenmegini resmi taýdan kabul etdi. 20-nji awgust, 2020.
ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Jo Baýden Demokratik partiýa tarapyndan prezidentlige hödürlenmegini resmi taýdan kabul etdi. 20-nji awgust, 2020.

ABŞ-nyň öňki wise-prezidenti Jo Baýden Demokratik partiýa tarapyndan prezidentlige hödürlenmegini resmi taýdan kabul etdi we öz öňünde 3-nji noýabrda geçiriljek prezident saýlawynda ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy wezipesinden çetleşdirmek wezipesini goýdy.

Baýden kabul ediş sözünde Amerikanyň "diktatorlara eglişik eden günleriniň” soňuna çykjakdygyny we prezident saýlanan halatynda koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek üçin milli strategiýany durmuşa geçirjekdigini aýtdy.

Şeýle-de ol, ýaragsyz afro-amerikalylaryň polisiýa işgärleri tarapyndan öldürilmegi bilen baglanyşykly guralan we jyns taýdan adalatlylyk talap edýän protestler sebäpli bölünen ýurdy birleşdirjekdigini aýtdy.

Baýden biziň "iň erbetlerimizi däl-de, iň gowularymyzy çekeris" we ýurdy agzybirleşdirip, "Amerikadaky garaňkylyk döwrüni ýeňip geçeris" diýdi.

Wirtual konwensiýa gutaransoň, asmana feýerwerk atyldy.

Bu ozal hem prezidentlige iki gezek dalaş eden Baýdeniň 77 ýaşynda, öz syýasy karýerasynda gazanan iň uly üstünligi boldy.

74 ýaşly Tramp indiki hepde geçiriljek wirtual respublikan milli konwensiýasynda öz partiýasynyň dalaşgäri hökmünde resmi taýdan gaýtadan hödürlener.

Prezident 20-nji awgustda Pensilwaniýa ştatynyň Skranton şäherinde, Baýdeniň doglan ýeriniň golaýynda kampaniýa çäresini geçirdi we öz çykyşynda Demokratik bäsdeşiniň hökümetdäki işini tankyt etdi.

XS
SM
MD
LG