Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus hassahanasy Kreml tankytçysy Nawalnynyň ýatan ýerinden gozgalyp bilinmejekdigini aýtdy


Alekseý Nawalny
Alekseý Nawalny

Rus lukmanlary Kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň zäherlenme gümany astynda bejergi alýan Sibir keselhanasyndan başga ýere äkidilip bilinmejekdigini aýdýarlar.

Omsk Tiz kömek keselhanasynyň baş lukmany Aleksandr Murahowskiý 21-nji awgustda Nawalnynyň ýagdaýynyň çala gowulaşandygyny, ýöne heniz hem durnuksyzdygyny aýtdy.

44 ýaşly korrupsiýa garşy göreşijini äkitmek synanyşygy "onuň janyna howp salar" diýip, Murahowskiý aýtdy. Huşsuz halda hassahananyň agyr näsaglary bejeriş bölümine alnan Nawalnyny äkitmek üçin nemes tiz kömek uçary Omska bardy.

Ol nemes paýtagtyna barandan soň, Berliniň “Charite” keselhanasynda bejergi almalydy.

Nawalnynyň metbugat sekretary Kira Ýarmyş keselhananyň alan kararyny “onuň janyna gönümel howp” atlandyrdy.

“Omskyň enjamsyz we anyklaýyşsyz keselhanasynda galmak ölüm howply” diýip, ol twit ýazdy.

Nawalnynynyň ýagdaýyna heniz resmi diagnoz goýulmady, ýöne onuň topary alyp barýan işleri sebäpli onuň zäherlenendigine ynanýar.

Omskyň Birinji tiz kömek hassahanasynyň lukmany Anatoliý Kaliniçenko 21-nji awgustda habarçylara “peşewde we ganyň düzüminde heniz zäheriň anyklanmandygyny” aýtdy.

Nawalny 20-nji awgustda Sibiriň Tomsk şäherinden Moskwa uçup barýarka ýarawsyzlandy we uçary Omskda we Sibirde plansyz gonmaga mejbur edip, gyssagly keselhana ýerleşdirildi.

21-nji awgustda Nawalnynyň metbugat sekretary onuň egindeşi Iwan Ždanowyň “ýaňy keselhanada bir polisiýa işgäri Alekseýiň bedeninde, hem onuň özüne, hem-de onuň töweregindäki adamlara zyýanly zäheriň tapylandygyny aýtdy” diýen sözlerini sitirledi.

Bir gün ozal Omsk keselhanasynyň lukmany Anatoliý Kaliniçenko “onuň ýagdaýyna zäheriň sebäp bolandygy anyk däl” diýdi we “bu mümkin bolan sebäpleriň biridir” diýip, sözüne goşdy hem-de birnäçe seljeriş işleriniň göz öňünde tutulýandygyny, saglyk testleriniň geçirilýändigini aýtdy.

“Örän batyrgaý adam”

Ak tamyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Robert O’Braýn 20-nji awgustda güman edilýän zäherlenmäniň “adatdan daşary aladalandyrýandygyny” we munuň ABŞ-Russiýa gatnaşyklaryna täsir edip biljekdigini aýtdy.

“Ol örän batyrgaý adam. Ol Russiýanyň içinde [prezident Wladimir] Putine garşy durup bilen örän batyrgaý syýasatçy. Biziň pikirlerimiz we dileglerimiz ol we maşgalasy bilen” diýip, O’Braýn “Fox News” telekanalyna beren interwýusynda aýtdy.

“Bu adatdan daşary mesele we eger-de munuň aňyrsynda ruslar bar bolsa, bu biziň mundan beýläk ruslar bilen gatnaşyklarymyza täsir edip biljek zat” diýip, ol aýtdy.

Nawalnynyň lukmany Ýaroslaw Aşihmin Meduza beren gürrüňinde oppozisiýa lideriniň bejergi üçin Ýewropa ewakuasiýa edilmelidigini sebäbi Günbatar klinikalarynyň öňe sürülýän zäherlenmä sebäp bolan maddany tapmak mümkinçiliginiň has köpdügini aýtdy.

Kreml Putiniň baş tankytçysynyň ýarawsyzlygyndan habarlydygyny aýtdy we oňa jan-saglyk arzuw etdi, ýöne onuň zäherlenendigi barada aýdylýan gürrüňlere esasly deliliň heniz ýokdugyny aýtdy.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow eger-de zäherlenme tassyk bolan halatynda rus kanun goraýjy edaralarynyň derňew işine başlajakdygyny aýtdy.

Nawalnynyň çaý satyn alan kafesi uçara kabul ediş we howpsuzlyk barlag nokady ýerleşýän bölümden aňyrda ýerleşýär.

Kanun goraýjy edaradan bir çeşme TASS habar agentligine beren gürrüňinde dükan işgärleri bilen geçirilen gürrüňdeşlikleriň olaryň bolan zatlardan habarsyzdygyny görkezýändigini aýtdy.

Russiýada giň ýaýran korrupsiýany paş eden Nawalny mundan ozal fiziki hüjümlerden ejir çekdi.

2017-nji ýylda antiseptik boýag bilen edilen hüjümde onuň bir gözüne şikes ýetdi.

2019-njy ýylyň iýulynda ol rugsat berilmedik protestlere eden çagyryşlary üçin 30 gün tussag edildi. Tussaglyk döwründe ol ýüzünde çiş we gyzarma sebäpli keselhana äkidildi, soňra onuň zäherlenendigi öňe sürüldi.

Soňky ýyllarda ol birnäçe gezek türmä basyldy, prezidentlige dalaş etmäge goýberilmedi, Moskwanyň häkimligine dalaş etmeginiň öňi baglandy.

“Şübhesiz, Nawalny özüniň syýasy pozisiýasy we işleri sebäpli zäherlendi” diýip, Nawalnynyň esaslandyran korrupsiýa garşy gaznasynyň hukuk bölüminiň başlygy Wýaçeslaw Gimadi Twitterde ýazdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG