Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň žurnalistleri Ýuliýa Wişnewetskaýa we Andreý Kiselýew 21-nji awgustda Minskde tussag edildi.
Olary şahsyýetlerini anyklamak üçin sakladylar we Belarus paýtagtynyň Partizanskoe polisiýa bölümine alyp gitdiler. Häkimiýetler birnäçe sagatdan žurnalistleri, rus konsullygynyň wekiliniň ugratmagynda, Orsýete ibermek kararyna geldiler.
Wişnewetskaýa we Kiselýew AÝ/AR-nyň Moskwadaky býurosynyň işgärleri. Redaksiýa olary Minskä ugratmazdan ozal Belarusyň Daşary işler ministrliginden işgärleriniň ýurtda işlemekleri üçin resmi rugsat sorady. Redaksiýa olaryň ýurtdan çykarylmagyny bikanun hasaplaýar.
Belarusda 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlaryndan soň başlanan köpçülikleýin protestler iki hepdä golaý wagt bäri dowam edýär.
Häkimiýetler 26 ýyl bäri häkimiýet başynda bolan prezident Aleksandr Lukaşenkanyň ýeňendigini yglan etdiler. Oppozisiýa sesleriň köpçülikleýin galplaşdyrylandygyny aýdyp, saýlaw netijelerini ykrar etmekden ýüz öwürdi. Oppozisiýa Swetlana Tihanowskaýanyň ýeňiş gazanandygyny öňe sürdi. Şondan soň ýurtda görlüp-eşidilmedik demonstrasiýalar başlandy. Häkimiýetler olary dargatmaga synanyşyp, müňlerçe adamy tussag etdiler. Basyş ýatyrmalar wagtynda ýüzlerçe adam ýaralandy, azyndan iki adam öldi.
Häkimiýetler ýurtda žurnalistleriň öz işlerini etmeklerine we protestleriň garaşsyz beýan edilmegine päsgelçilik döretdi. 7-nji awgustda "Häzirki zaman" teleýaýlymynyň kino topary Minskden deportasiýa edildi.