Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Türkmenabadyň käbir sebitlerinde ‘zir-zibil depeleri’ emele geldi


Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň administratiw merkezi Türkmenabadyň käbir sebitlerinde indi dört aýdan gowrak wagt bäri gündelik durmuşda emele gelýän zir-zibiller arassalanmaýar, bu hem öz gezeginde ýerli ýaşaýjylaryň dürli nogsanlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna sebäp bolýar.

“Türkmenabadayň ‘Demirýolçylar’ atlandyrylýan sebitiniň ‘Merw’, ‘Nesimi’, ‘Gogol’ we ‘Puşkin’ köçeleriniň ugrundaky köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň içki tarapyndaky zir-zibiller, gurluşyk galyndylary aprel aýyndan bäri arassalanmaýar. Häkimiýetleriň muny gözden düşürmegi ýaşaýjylara köp oňaýsyzlyklary döredýär” diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde 25-nji awgustda maglumat berdi.

Onuň sözlerine görä, golaýda ‘Gogol’ köçesindäki 15-nji we 16-njy jaýlarynyň ýaşaýjylaryna gyssagly medisina kömegi gerek bolanda, sebite gelen ‘Tiz kömek’ ulagy zir-zibil depelerinden ýaňa jaýlaryň öňüne gelip bilmändir.

“Mundan başga-da, gürrüňi gidýän bu sebitdäki käbir jaýlaryň ýerzeminlerinde lagym-suw turbalary ýaryldy. Ýerzeminler hapa suwdan dolup, çybynlar, syçandyr-alakalar hem köpeldi. Bular eýýäm adamlaryň kwartiralarynyň içine hem girip başladylar” diýip, habarçymyz gürrüň berdi.

Ýaşaýjylaryň şäher we etrap häkimliklerine, şeýle-de komunal hojalyk gulluklaryna ýüz tutup, ýüzbe-ýüz bolýan meseleleri dogrusynda eden ençeme arzadyr-şikaýatlary netije bermändir. Bular barada gürrüňi gidýän döwlet edaralaryndan Azatlyk Radiosyna hem kommentariýa almak başartmady.

Ýeri gelende bellesek, Azatlyk Radiosy ýurduň beýleki künjeklerindäki, şol sanda iri şäherdir-etraplarynyň ýaşaýyş sebitlerinde zir-zibilleri dökmek üçin niýetlenen ýörite çelekler we ýerler bilen üpjün edilmändigi, netijede hapa-hupalaryň adamlaryň işiginde, ýol gyralarynda üýşýändigi, ýerli häkimiýetleriň hem muňa çäre görmeýändigi barada habar beripdi.

Türkmen resmileri ýurtda “Döwlet adam üçindir!” diýlen “baş şygary” öňe sürüp, ýurt raýatlarynyň “bagtyýar durmuşda ýaşamagy” üçin ähli şertleriň döredilendigini öňe sürýärler.

Şeýle-de, ýurtda tebigaty we ekologiýany goramak meselesine ägirt uly üns berilýändigi ýygy-ýygydan tekrarlanýar.

Ýöne Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan türkmenistanlylaryň ençemesi, şol sanda ýerli synçylar ýurt resmileriniň tebigaty goramak üçin iň zerur meseleleriň biri hasaplanýan zir-zibilleri ýygnamak we özleşdirmek meselesini ünsden düşürýändiklerini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG