Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tihanowskaýa ‘Belarus oýandy’ diýýär, gepleşiklere çagyrýar


Swýatlana Tihanowskaýa
Swýatlana Tihanowskaýa

Belarusda prezidentlik wezipesine bäsleşen Swetlana Tihanowskaýa 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawlarynyň netijeleri baradaky syýasy krizisi çömek üçin Minsk häkimiýetleri bilen resmi gepleşikleriň geçirilmegine çagyrdy.

Tihanowskaýa 25-nji awgustda Ýewropa parlamentiniň Daşary gatnaşyklar komitetinde Litwadan wideoaragatnaşyk arkaly eden çykyşynda Belarus häkimiýetlerinden “zorlugy we gorkuzmalary” bes etmegi, “ähli syýasy tussaglary boşatmagy” we “öz syýasy hukuklaryna hormat goýmagy” talap etdi. Ol saýlawdan soň özüne we maşgalasyna atylan haýbatlar baradaky habarlaryň arasynda Litwa gaçyp barypdy.

“Belarus oýandy. Biz mundan beýläk oppozisiýa däl. Biz indi köplük” diýip, Tihanowkaýa aýtdy we 23-nji awgustda Minskde şu wagta çenli geçirilen iň uly protestlerde 200 müňden gowrak adamyň köçä çykandygyny yglan etdi.

Şeýle-de, Tihanowksýa “dünýäniň ähli ýurtlaryny” Belarus halkynyň “erkin we adalatly” saýlaw netijelerini gazanmak ugrundaky isleglerini goldamaga, şol bir wagtyň özünde “Belarusyň özygtyýarlylygyna” we “territorial bitewiligine” hormat goýmaga çagyrdy.

“Halkyň islegini syndyryp bolmaz” diýip, ol aýtdy. “Men dialog arkaly erkin we adalatly saýlawlary gazanmak niýetimizi jar edýärin”

Şeýle-de, Tihanowskaýa prezident Alýaksandr Lukaşenkanyň gaýtadan saýlanmagyna garşy iki hepde bäri dowam edýän demonstrasiýalarda protestçileriň zorluga ýüz urandyklary barada belarus häkimiýetleriniň aýyplamalaryny ret etdi.

“Parahatçylykly rewolýusiýa bolup geçdi” diýip, ol aýtdy we ýurt boýunça geçirilýän demonstrasiýalaryň ne Russiýa garşydygyny, ne-de Ýewropa Bileleşigine garşydygyny nygtady.

“Bu demokratik rewolýusiýadyr – halkyň öz liderlerini, öz ykbalyny adalatly we erkin saýlamaga çalyşmagydyr” diýip, ol ýewropaly kanun çykaryjylara aýtdy.

Tihanowskaýa bu çykyşyny Belarus häkimiýetleri Utgaşdyrjy geňeşiň görnükli agzalarynyň we beýleki protest guramaçylarynyň tussag edilmegini hem-de olaryň kazyýet jogapkärçiligine çekilmegini güýçlendirýän wagty etdi.

Tihanowskaýanyň Belarusdaky esasy wekili Wolha Kowalkowa hem-de iş taşlaýyşyň guramaçysy Sýarheý Dyleuski Minskiň Traktor zawodynda rugsat berilmedik protest ýörişlerini guramalaşdyrmaga synanyşmak aýyplamalary bilen bir gije türmede oturandan soň, 25-nji awgustda kazyýete çykdy.

Bu ikisi Tihanowskaýanyň Utgaşdyryjy geňeşiniň liderleridir. Geňeş “hökümet bilen gepleşiklere girişmek maksady bilen” geçen hepde döredildi.

Lukaşenka bu geňeşi “häkimiýeti ele almak üçin bikanun synanyşyk” diýip atlandyrdy we prokurorlar Geňeşe garşy jenaýat işini açdylar.

Utgaşdyryjy geňeşe edilýän basyş hepdäniň ahyrynda Lukaşenkanyň, köpçüligiň gahar-gazabyna we hökümete garşy barha köpelýän demonstrantlara garamazdan, häkimiýet başynda galmakda aýgytlydygyny görkezmeginiň yz ýany boldy.

Şeýle-de, basyşlar ýurduň 1991-nji ýylda Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygyny yglan etmeginiň ýyl dönümi mynasybetli 25-nji awgustda Minksde geçiriljek ýörişiň öňýany boldy. Bu baýramçylyk 1994-nji ýylda Lukaşenkanyň häkimiýet başyna gelmegi bilen ýatyryldy.

Lukaşenka Belarus goşunyna doly söweşjeň taýýarlyk ýagdaýyna geçmegi buýruk berdi. Bu, goşunyň ýurt boýunça ozal görlüp-eşidilmedik protest tolkunlaryny geljekde ganly basyp ýatyrmagynyň mümkindigine yşarat etdi.

Bu aralykda, saýlaw netijeleriniň Lukaşenkanyň peýdasyna galplaşdyrylandygyny aýdan 72 ýaşly ýazyjy, Nobel baýragynyň eýesi Swetlana Aleksiewiç Utgaşdyrjy geňeşiň häkimiýetler tarapyndan nyşana alnan soňky agzasy boldy.

Aleksiewiç 9-njy awgustda geçirilen saýlawlardan soň, “häkimiýetler öz halkyna uruş yglan etdiler” diýdi.

Ol Tihanowskaýanyň ýedi agzaly Utgaşdyrjy geňeşiniň esaslandyrylmagy boýunça açylan jenaýat işinde şaýat hökmünde 26-njy awgustda Belarusyň Derňew komitetine çagyryldy diýip, geňeşiň metbugat sekretary aýtdy.

Öz gezeginde Lukaşenka protestleri gurnaýjylar bilen bolup biljek islendik gapma-garşylykda Russiýanyň ýolbaşçylygyndaky Kollektiwleýin Howpsuzlyk Şertnamasy Guramasynyň özüni goldajakdygyna ynam bildirdi.

Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigi belarus saýlawlaryny ne erkin, ne-de adalatly diýip ret etdiler hem-de ýurduň häkimiýetlerini Tihanowskaýanyň topary bilen gepleşik geçirmäge çagyrdylar.

Bu aralykda, Belarus demokratiýa hereketine halkara goldawyň giňelmeginiň alamaty hökmünde çeh hökümeti 400,000 ýewro (470,000 dollar) raýdaşlyk gaznasyny açdy.

Bu pul zorlugyň ýa-da gynamalaryň pidasy bolan adamlara, ýa-da demonstrasiýalara gatnaşandygy sebäpli işini ýitiren adamlara niýetlenýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG