Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Oppozisiýa lideri Ýewropany öz halkynyň 'oýanyşyny' goldamaga çagyrýar, Lukaşenka serhetleriň goragyny berkidýär


Belarusyň oppozisiýa wekili Swetlana Tihanowskaýa

“Minskde indi pitne bolmaly däl. Adamlar ýadady, adamlar parahatçylyk we asudalyk talap edýär" diýip, BelTA döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, prezident Aleksandr Lukaşenka 19-njy awgustda aýtdy.

Belarusyň oppozisiýa wekili Swetlana Tihanowskaýa Ýewropa liderlerini öz "ýurdundaky oýanyşa" goldaw bermäge we dawaly prezident saýlawlary üstünde dörän gahar-gazap arasynda Belarus halkynyň saýlawyna hormat goýmaga çagyrdy.

Ol bu çagyryşy ÝB liderleriniň 19-njy awgustda geçirilýän adatdan daşary duşuşygyna gabat, uzak wagtlyk prezident Aleksandr Lukaşenkanyň 11-nji gün köçe protestleri we iş taşlaýyşlar bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtynda, Belarusdaky ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşýan Ýewropa Geňeşine ýüzlenip etdi.

Bellemeli ýeri, Türkmenistanyň metbugaty Belarusda 9-njy awgustda geçen saýlawlar we ondan soňky köçe protestleri hakynda hiç bir maglumat bermeýär, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bolsa, GDA liderleriniň arasynda belarus kärdeşini gutlamadyk ýeke-täk lider bolup galýar.

1994-nji ýyldan bäri häkimiýet başynda oturan Lukaşenkanyň resmi hasapda 80 prosentden gowrak ses almagy saýlawlaryň gaplaşdyrylandygy baradaky çaklamalaryň orta atylmagyna sebäp boldy.

Kampaniýa ýygnanyşyklaryna on müňlerçe adam çeken Tihanowskaýa hakykatda 60-70% aralygynda ses alandygyny öňe sürýär.

Oppozisiýa liderleri 18-nji awgustda häkimiýet geçişini guramak üçin utgaşdyryjy geňeş döredenlerinde, Lukaşenka bu çäräni agdarylyşyk synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi.

'Ýalan!', 'Git!': Belarus işçileri Lukaşenkanyň çykyşy mahaly, onuň sözüni kesýärler
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00

Ses berişlikden soň goňşy Litwa giden Tihanowskaýa öz wideo ýüzlenmesinde ÝB liderlerini "galplaşdyrylan saýlawlary ykrar etmezlige" çagyrdy we Lukaşenkanyň "öz milletiniň we dünýäniň öňünde ähli kanunylygyny ýitirendigini" aýtdy.

Ol iňlis dilinde gürläp, saýlawdan soňky basyp ýatyrmalary ýazgardy we: "Bütin Belarus boýunça öz seslerini goramak üçin köçelere çykan adamlar aljyran we häkimiýeti elden bermejek bolup ýapyşýan režim tarapyndan rehimsiz urlup-ýenjildi, türmelere taşlandy we gynaldy" diýdi.

ÝB iş başyndaky Lukaşenka edilýän halk basyşlarynyň ýokarlanyşyna alada bilen syn etdi.

Ýewropa Geňeşiniň başlygy Çarlz Mişel 17-nji awgustda onlaýn wideo sammitini yglan edip, Belarus halkynyň “öz gelejegi barada karar bermäge we liderini erkin saýlamaga hukugynyň bardygyny” aýtdy. Mişel protestçilere garşy zorlugy “kabul ederliksiz” diýip atlandyrdy.

Şeýle-de Mişel 18-nji awgustda rus prezidenti Wladimir Putin bilen telefonda gürleşip, saýlawdaky bidüzgünçiliklerden we protestçilere garşy gazaply çäre görülmeginden alada bildirdi. Ýewropaly diplomatyň Azatlyk radiosyna beren maglumatyna görä, iki tarap krizisi parahatçylykly soňlamak üçin belarusara, içerki dialogy höweslendirmegiň iň gowy ugyr-ýollary barada maslahat etdi.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň prezidenti Emmanuel Makron hem 18-nji awgustda Putin bilen aýry-aýrylykda telefonda gürleşdi.

Metbugat gullugynyň habaryna görä, Merkel Putine belarus häkimiýetleriniň parahatçylykly demonstrantlara garşy zorluk ulanmakdan saklanmalydygyny we syýasy tussaglary boşatmalydygyny aýtdy. Şeýle-de ol Putine Lukaşenkanyň oppozisiýa toparlary bilen gepleşik geçirmelidigini aýtdy.

Kreml çagyryşlar bilen baglylykda Orsýetiň bu ýagdaýyň kadalaşmagyna umyt baglaýandygyny aýtdy, ýöne daşardan gatyşmadan saklanmak duýduryşyny berdi.

"Rus tarapy, krizisiň hasam möwjemegine sebäp bolmazlygy üçin, ýurduň içerki işlerine islendik görnüşde daşardan goşulmak synanyşygynyň kabul ederliksizdigini nygtady" diýip, Kreml aýtdy.

Lukaşenka hepde aýagynda Putin bilen iki gezek gürleşdi we şondan soň rus lideriniň, eger-de Belarusa zerur bolsa, howpsuzlyk kömegini bermegi wada berendigini aýtdy. Belarus bilen Orsýetiň ýakyn ykdysady we harby gatnaşyklary bar.

Lukaşenka 18-nji awgustda yglan edilen utgaşdyryjy geňeşi häkimiýeti ele almak synanyşygy hökmünde häsiýetlendirdi. Ol Belarusyň Howpsuzlyk geňeşi bilen duşuşygynda bu çärä "ikuçsyz" "döwlet agdarylyşygy synanyşygy we ondan gelip çykýan ähli netije" hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Utgaşdyryjy geňeş ilkinji gezek 18-nji awgustda ýygnanyp, halka wekilçilik edýändigini we "syýasy maksatlary ýa-da programmasy bolmazdan", häkimiýetiň parahatçylykly geçişi barada gepleşik geçirmäge çalyşýandygyny aýtdy.

Tihanowskaýanyň wekili Olga Kowalkowa utgaşdyryjy geňeşi döreden metbugat ýygnagynda çykyş edip, Tihanowskaýanyň ýakyn wagtda Minskä dolanyp, häkimiýetiň gepleşikler arkaly geçişine kepillik hökmünde çykyş etmegine garaşýandygyny aýtdy.

"Biz diňe kanunyň çäginde hereket edýäris" diýip, Kowalkowa aýtdy. "Bu aýgytly ýagdaý. Häkimiýetleriň gepleşiklere gelmekden başga çäresi ýok. Sebäbi ýagdaý diňe has erbetleşer" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

9-njy awgustda geçirilen saýlawda ýeňiş gazanandygyny aýdýan Tihanowskaýa biraz öň internetde çap eden wideosynda ýolbaşçylygy wagtlaýyn öz üstüne almaga taýýardygyny aýtdy.

"Men ýurduň köşeşmegi we adaty düzgüne girmegi üçin jogapkärçiligi öz üstüme almaga we milli lider hökmünde çykyş etmäge taýyn" diýip, Tihanowskaýa wideo çykyşynda aýtdy.

37 ýaşyndaky ýaş syýasatçy, beýleki mümkin bolan kandidatlar, şol sanda adamsy tussag edilenden aý sürgüne gidenden soň bäsleşige gatnaşdy we saýlawdan soň maşgalasyna haýbat atylandygy barada çykan habarlar arasynda Belarusy terk etdi.

Saýlawdan soňky protestler netijesinde 7000 töweregi adam tussag edildi, ýüzlerçe adam ýaralandy we azyndan iki adam demonstrantlara garşy basyş wagtynda öldi. Türmeden boşadylanlaryň käbiri tussaglykdaky gazaply ýenjilmelerden we elhenç şertlerden şikaýat etdi.

Repressiýa we basyş çärleri diňe oppozisiýanyň güýçlenmegine, döwlet tarapyndan dolandyrylýan kompaniýalaryň birnäçesiniň işgärleriniň zawodlaryny taşlap, köçelere çykyp, Lukaşenkanyň işinden çekilmegini talap edýän müňlerçe adama goşulmagyna alyp geldi.

Minsk. A.Lukaşenka Howsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirýär. 19-njy awgust, 2020. August 19, 2020
Minsk. A.Lukaşenka Howsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirýär. 19-njy awgust, 2020. August 19, 2020

Şu aralykda Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenka Içeri işler ministrligine ýurtdaky gozgalaňlaryň öňüni almagy, 11-nji günlük köçe protestleri we jedelli prezident saýlawlary sebäpli dörän iş taşlaýyşlar netijesinde daşary ýurt täsirleriniň durnuksyzlyk döretmezligi üçin serhet gözegçiligini güýçlendirmegi tabşyrdy.

“Minskde indi pitne bolmaly däl. Adamlar ýadady, adamlar parahatçylyk we asudalyk talap edýär" diýip, BelTA döwlet habar gullugynyň maglumatyna görä, prezident 19-njy awgustda aýtdy.

“Döwlet serhet komitetine görkezme berýärin, muny maslahatdan görýäris, söweşijileriň, ýaraglaryň, ok-därileriň, gozgalaňlary maliýeleşdirjek pullaryň beýleki ýurtlardan Belarusa girmeginiň öňüni almak üçin, ähli ugur boýunça döwlet serhedini goramagy güýçlendirýäris. Bu puluň gelýändigini görýäris" diýip, Lukaşenka aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG