Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Birinji synpa barýan körpeler täze okuw ýylynda mekdebe goşlaryny düwüp barmaly


Illýustrasiýa suraty. Birinji synpa gadam basan okuwçylar. Arhiwden alyndy.
Illýustrasiýa suraty. Birinji synpa gadam basan okuwçylar. Arhiwden alyndy.

Marynyň Baýramaly şäherinde mekdepler Birinji synpa barýan okuwçylaryň ene-atalaryna täze okuw ýylynda çagalar üçin zerur bolan okuw esbaplarynyň we beýleki serişdeleriň sanawyny berdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Sanawa görä, mekdepler 1-nji synpa barýan körpeleriň ene-atalaryndan şu aşakdaky okuw esbaplaryny, arassaçylyk serişdelerini we beýlekileri talap edýär:

  • Dokumentler üçin bukja
  • 5 sany ruçka
  • 1-2 guty standard list, A4 kagyzy
  • Içimlik suw
  • Bir gezeklik stakan (bir guty)
  • Suwuk sabyn
  • Çyg salfetka
  • Antiseptik serişdesi

Çagalary 1-nji synpa barýan ene-atalar agzalýan okuw esbaplaryny we beýleki zatlary mekdebe eltmeli. Baýramalyly habarçynyň maglumatlaryna görä, mugallymlar bu sargalýan sanawyň okuw ýylynyň başlamagy bilen has-da uzajakdygyny ene-atalara duýdurýarlar.

“Okuw başlandan soň, täze klas bolany üçin klaslara perde almaly, 1-nji klas okuwçylary boş wagtlarynda oýnar ýaly “konstruktorlary” we başga oýunjaklary ýanlary bilen getirmeli bolarlar” diýip, habarçy habar berdi.

Ol mekdep mugallymlary tarapyndan okuwçylardan talap edilýän esbaplaryň ene-atalary alada goýýandygyny habar berýär.

“Ene-atalar öz çagalaryny kemsitmejek bolup, olaryň eşiklerini we okuw esbaplaryny zordan satyn alýarlar” diýip, habarçy ençeme ýerli ýaşaýjynyň sözlerine salgylanyp, habar berdi hem-de olaryň käbirleriniň çagalary üçin iň bolmanda ulanylan okuw eşiklerini edinmekde ildeşlerinden soraýan kömekleri, gözleýän çykalgalary barada gürrüň berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, ýerli ýaşaýjylaryň arasynda IMO ýaly messenjerleriň üsti bilen okuw eşiklerini satyn almaga gurby çatmaýan maşgalalara ýardam kampaniýalaryny özbaşdak guramalaşdyrýan ýaşaýjylara-da duş gelmek bolýar.

Habarçy bu barada IMO messenjerinde duş gelen bir bildirişini Azatlyk bilen paýlaşdy. Sosial ulgamda paýlaşylan hatda şeýle diýilýär: “Adamlar sessiz galmaň, kim-de kimiň ýagdaýy erbet däl bolsa, okuw eşikleri bar bolsa, beräýiň! Biz kösenýän ene-atalara eltip berjek”

Türkmenistanda ene-atalar, mugallymlar we okuwçylar ýurtda resmiler tarapyndan ykrar edilmedik koronawirus keseli baradaky habarlaryň fonunda, şeýle-de indi üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň arasynda täze okuw ýylyna taýýarlyk görýär.

Mundan ozal, türkmen häkimiýetleri täze okuw ýylynda mekdeplerde saglyk howpsuzlygy bilen bagly goşmaça çäreleriň görüljekdigini öňe sürüp, okuw ýylynyň adatdakysy ýaly 1-nji sentýabrda başlanjakdygyny yglan etdiler.

Hökümetçi neşirlerde golaýda peýda bolan maglumatlara görä, täze okuw ýylynda synplarda 15 okuwçydan köp bolmaz, birinji synplar üçin sapagyň dowamlylygy 25 minut, 2-4-nji synplar üçin 30 minut, 5-11-nji synplar üçin 35 minut bolar; sapaklaryň arasyndaky arakesme 5 minutdan 10 minuda, uly arakesme 10 minutdan 20 minuda çykarylar; şeýle-de, ene-atalaryň mekdebe girmegine çäklendirme giriziler; okuwçylar synp otaglarynda biri-birinden 2 metr aralykda oturdylar; okuwçylardan, mugallymlardan we tehniki işgärlerden mekdebiň çäginde maska geýmek talap ediler.

Türkmenistan şu wagtda çenli ýurtda COVID-19 keselini resmi taýdan hasaba almady. Şeýle-de, hökümet resmileri ýurtda birnäçe ýyl bäri dowam edýän ykdysady kynçylyklary boýun almaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG