Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Bir tarapdan keselçilik, beýleki tarapdan pulsuzlyk täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän ene-atalary aladalandyrýar


Illýustrasiýa suraty.

Türkmenistanda täze okuw ýylyna taýýarlyk görýän maşgalalar keselçilik we ýaramazlygynda galýan ykdysady şertler sebäpli dürli aladalary başdan geçirýär.

7-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň habarçysy hökümetiň 25-nji awgustdan başlap, mekdep bazarlaryny açmagy, şeýle-de olarda çagalaryň okuw eşiklerini, depder, galam we ruçka ýaly okuw esbaplaryny satmagy ýola goýjakdygynyň aýdylýandygyny, Maryda adamlaryň täze okuw ýylyna taýýarlyk görýändigini habar berdi.

Ýöne keselçilik we pulsuzlyk ene-atalary aljyraňňy ýagdaýa salýar:

“Ene-atalar näme etjeklerini bilmeýärler. Bir tarapdan “tozanjyk” atly kesel (Türkmenistanyň Saglyk ministrligi koronawirus pandemiýasynyň fonunda ilata tozandan goranmagy maslahat berip gelýär - red.) bar diýip, ene-atalar çagalaryny toý we ýas üýşmeleňlerinden gorap ýör, beýleki tarapdan olaryň ellerinde pul ýok” diýip, habarçy habar berdi.

Soňky ýyllarda Türkmenistanda ýüze çykan ykdysady kynçylyklar we ýurtdaky ýowuz durmuş şertleri sebäpli köp sanly eje-kaka çagalaryny olaryň ene-mamalaryna tabşyryp, eklenç gözleginde daşary ýurtlara çykdy.

“Olaryň çagalaryna ene-mamalar seredýär. Olaryň arasynda okuwa eşik satyn almak üçin çagalaryň eje-kakalaryna jaň edýän we pul soraýan adamlar hem bar” diýip, habarçy aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, daşary ýurda giden türkmenistanly eje-kakalar öz çagalaryna, dogan-garyndaşlaryna keseliň ýokaşmagyndan howatyr edýär we ene-mamalar bilen habarlaşyp, çagalary okuwa ugratmazlygy tabşyrýarlar.

“Ene-mamalara kyn bolýar. Olar çagalar okuwa gitse kem görmeýärler” diýip, habarçy ençeme maryly maşgalanyň başdan geçirýän ýagdaýlaryna salgylanyp, habar berdi.

Beýleki tarapdan, habarçy bilen söhbetdeş bolan ýerli ýaşaýjylaryň ençemesi eklenç üçin daşary ýurtlara giden dogan-garyndaşlarynyň hem maddy kynçylyklara sezewar bolýandygyny gürrüň berdi.

“Daşary ýurtlarda-da karantin sebäpli köp iş ýerleri ýapyk diýýärler. Daşary ýurtlarda işleýän eje-kakalaryň çagalaryna ugratmaga pullary ýok. Şol sebäpden adamlar näme etjeklerini, nireden pul aljaklaryny bilmeýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda dowam edýän ykdysady çökgünligi aç-açan boýun almaýar.

Ýurtda giň ýaýran işsizlik sebäpli daşary ýurtlara giden türkmenistanlylar yzda galan hossarlaryna, dogan-garyndaşlaryna we bala-çagalaryna maddy kömegini ýetirip bilmeýän wagty, ýurt içindäki işsiz hojalyklar hem keselçiligiň we pulsuzlygyň derdinden kösenýär.

“Hiç ýerde işlemeýän hojalyklar hem näme etjeklerini bilmeýärler” diýip, habarçy habar berýär.

Ýurt içide dowam edýän agyr şertlerden çykalga gözleýän, soraglaryna jogap tapmak üçin çydalaşýan hojalyklar täze okuw ýylynda “çagalaryna köne eşiklerini, tapan-tupanlaryny geýdirmegi” planlaşdyrýarlar.

Ýöne köwüşi näme etmeli!?

“Ortaça köwüş dükanlarda 300-400 manat aralygynda bahalanýar. Indi dükanlar depderi, ruçka-galamy karzyna “ýazyp” bermeýär” diýip, bir maryly ýaşaýjy anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Olardan daşgary ýurtda adamlara köpçülik ýerlerinde maska geýmek talaby girizildi.

“Okuw başlanda her iki sagatdan okuwçylar maskalaryny çalyşmaly bolarlar. Maska-da mugt berilmeýär” diýip, bir magaryf işgäri anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

“Maskalaryň arzany 5 manat. Her çaga üçin azyndan 3 maska gerek” diýip, habarçy belledi.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi täze okuw ýyly, global pandemiýa döwründe orta mekdepleriň meýilleşdirýän iş tertibi barada hiç zat aýtmaýar.

Mundan ozal, 4-nji awgustda Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bilim we terbiýeçilik edaralarynyň işgärlerine salgylanyp, öňümizdäki okuw ýylynda welaýatyň çäginde mekdeplerde sapaklary onlaýn tertibe geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny habar berdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG