Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow günorta koreýaly kärdeşine iberilen saglyk enjamlary üçin minnetdarlyk bildirdi


Günoarta Koreýanyň prezidenti Mun Çže In
Günoarta Koreýanyň prezidenti Mun Çže In

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 28-nji awgustda Koreýa Respublikasynyň prezidenti Mun Çže In bilen telefonda gürleşip, Türkmenistana lukmançylyk hem-de şahsy goranyş serişdeleriniň iberilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi diýip, TDH habar berýär. Emma resmi habarda Türkmenistana Günorta Koreýadan gelen saglyk enjamlary barada hiç bir jikme-jiklik aýdylmaýar.

Hökümetçi “Orient” neşiriniň Günorta Koreýanyň resmi maglumatlaryna salgylanyp ýazmagyna görä, Mun tärkmen kärdeşini Türkmenistanda koronawirus ýokuşmalaryna garşy görlen netijeli çäreler bilen hem gutlady.

Türkmenistan dünýäde koronawirusyň hiç bir hadysasyny resmi taýdan tassyklamadyk az sanly ýurtlaryň biri bolmagynda galýar.

Azatlygyň ýerli habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda soňky aýlarda öýken keselleri bilen baglylykda kän adam ölýär. Emma türkmen häkimiýetleri bu habarlare reaksiýa bildirmeýär.

Şu aralykda “Trend” Türkiýäniň Türkmenistana ynsanperwerlik kömegini iberjekdigini habar berdi. Emma neşiriň 28-nji awgustda türk hökümetine salgylanyp çap eden maglumaty soňra aýryldy.

Şeýle-de, “Trend” bu kömegiň emeli dem aldyryş enjamlaryny, N95 ýüz maskalaryny, hirurgiki maskalary, ýörite saglyk eşiklerini we 10 müň guty dermany öz içine alýandygyny habar berdi. Türkmen mediasy ýurduň daşary ýurtdan alýan kömekleri barada ilata öz wagtynda we anyk maglumat bermeýär.

Şol bir wagtda, bu Türkmenistanyň Türkiýeden alýan ilkinji saglyk kömegi däl we Berdimuhamedow iýulyň aýagynda türk kärdeşi Rejep Taýyp Erdogan bilen telefonda gürleşende, oňa Türkmenistana iberilen dermanlar we gorag eşikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, TDH Türkmenistana golaýda BAE-den iberilen saglyk enjamlary hakynda hem ilata habar bermegi zerur hasaplamady.

Mundan başga, Türkmenistana BSG-dan we ÝB-den ynsanperwerlik kömekleri, saglyk enjamlary iberildi.

XS
SM
MD
LG