Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran bilen baglaşylan ýadro ylalaşygynyň galan taraplary Wenada duşuşýarlar


1-nji sentýabrda Wenada geçirilýän duşuşyga ÝB-niň ýokary derejeli resmisi Helga-Mariýa Şmid (çepden brinji) ýolbaşçylyk edýär.
1-nji sentýabrda Wenada geçirilýän duşuşyga ÝB-niň ýokary derejeli resmisi Helga-Mariýa Şmid (çepden brinji) ýolbaşçylyk edýär.

Eýran bilen dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň arasyndaky gowşaýan ýadro ylalaşygynyň galan taraplary 1-nji sentýabrda Wenada duşuşýar. Bu waka Birleşen Ştatlar Eýrana garşy BMG sanksiýalaryny gaýtadan girizmek we ýarag embargosynyň möhletini uzaltmak isleýän mahalyna gabat geldi.

Britaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Eýranyň we Russiýanyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän duşuşyga ÝB-niň ýokary derejeli resmisi Helga-Mariýa Şmid (Helga-Maria Schmid) ýolbaşçylyk edýär.

Mundan iki ýyl gowrak ozal Birleşen Ştatlar 2015-nji ýylda baglaşylan möhüm ylalaşykdan çykyp, şondan soň Eýrana garşy sanksiýalary gaýtadan güýje girizdi. Öz gezeginde Tähran hem ýadro işjeňligini kem-kemden güýçlendirýär.

Britaniýa, Fransiýa, Germaniýa, Hytaý we Russiýa ylalaşygy halas etmek üçin göreşýär. Bu ylalaşyga laýyklykda, Tähranyň öz ýadro programmasyndan el çekmeginiň öwezine, oňa garşy girizilen halkara sanksiýalary gowşadylypdy.

Geçen hepde Eýran BMG-niň ýadro gözegçilik guramasynyň inspektorlarynyň 2000-nji ýyllaryň başynda ýadro işleriniň geçirilendigi güman edilýän iki desga baryp görmegine rugsat bermäge ylalaşdy.

Düýbi Wenada ýerleşýän global gözegçilik guramasy Eýran resmilerini bu iki ýere girilmegine rugsat bermeýändigi üçin hem-de ol ýerde mümkin bolan deklarasiýa edilmedik ýadro materiallary we ýadro işleri bilen baglanyşykly soraglara jogap bermeýändigi üçin tankytlapdy.

XS
SM
MD
LG