2-nji sentýabrda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda pasport ulgamynyň işini kämilleşdirmek hakynda permana gol çekdi.
TDH-da çap edilen permana laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny resmileşdirmek, bermek, olary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak hem-de ýazgydan çykarmak wezipeleri Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň üstüne ýüklenilýär.
Şeýle-de, bu perman Içeri işler ministrliginden Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny ýedi iş günüň dowamynda resmileşdirmegi we dabaraly ýagdaýda bermegi üpjün etmegi talap edýär.
Täze düzgüne görä, zerur maglumatlaryň Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň görkezilmegi bilen tassyklanyp bilinjek ýagdaýynda, raýatlardan dürli delil hatlarynyň talap edilmegi aradan aýrylýar.
Türkmenistanda içerki pasport – “Türkmenistanyň raýatynyň pasporty” we biometrik pasporty – “Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin Türkmenistanyň raýatynyň pasporty” hereket edýär.
Täze perman içerki pasportyň resmileşdirilmegine degişlidir.
Meniň pikirimçe, bir haltasy 1000 manat diýjek bolupdyrlar öýdýän. Soňam siziň belligiňizden utanyp, çekinip, düzetmändirler ýa-da düzetmegi özlerine kiçilik bilen bolara çemeli. Türkmen hökümedi ýaly, bular hem tankyda bolanoklar ahyry. Bellik edip ýazan düzedişiň bir hepde geçensoňlar goýýarlar. Hamala, söz azatlygy, tankydy kabul edýän kişi bolup. Bir hepdeden bolsa makala arhiwe geçip gidýär.