Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusdan 'azat' ýurtda COVID-19 alamatlary bolan näsaglar hem hassahana düşýär, hem-de özlerini öýde bejerýär


Maskaly zenanlar, Aşgabat, awgust, 2020  
Maskaly zenanlar, Aşgabat, awgust, 2020  

Türkmenistanda keselçilik bilen bagly ýagdaý barha ýaramazlaşýar. Resmi derejede ýurtda koronawirus ýok diýilmegine garamazdan, COVID-19 alamatlary bolan näsaglar agyr ýagdaýda hassahanalara ýerleşdirilýär we ölüm hadysalary köpelýär. Bu barada Azatlygyň habarçylary 3-nji sentýabrda Aşgabatdan habar berýärler.

"Ikinji hepde ýagdaý düýpgöter ýaramazlaşýar. Gyzgyny ýokary bolan näsaglary aşa agyr ýagdaýda getirip başladylar. Ölüm derejesi ep-esli ýokarlandy. Bu mesele şäheriň eteklerinde has ýiti. Feldşer-akuşer nokatlarynda (FAP) günde 2-3 adamyň ölümi hasaba alynýar" - diýip, 3 sentýabrda Azatlykyň Aşgabatdaky habarçysy paýtagtyň hassahanalarynyň işgärlerine salgylanyp habar berdi.

Onuň sözlerine görä, soňky üç hepdäniň dowamynda ýagdaý ep-esli ýaramazlaşypdyr: "Üç hepde öň keselleýänler azalypdy, köp hassalar getirilýärdi, ýöne ortaça agyr ýagdaýda, esasan "demirýol" we "Nyýazow" hassahanalaryna hem Semaşko adyndaky keselhana".

COVID-19 keseline mahsus alamatlary bilen geçýän kesel şu ýylyň maý aýynyň ahyryndan bäri Türkmenistanda dowam edýär. Ýurduň keselhanalary şeýle hassalardan hyryn-dykyn, saglygy goraýyş işgärleri iki hepdelik karantin zolaklaryna işlemäge iberilýär, morglar ölenleriň jesetlerini ýörite gaba dolap berýärler we gonamçylyklarda täze mazarlaryň sany çalt artýar. Türkmen resmileri bolsa, koronawirus ýurtda ýok diýýärler.

Azatlygyň habarçysynyň sözlerine görä, şu günler saglyk işgärleriniň iki hepdelik işlemek üçin karantin zolaklaryna iberilmegi dowam etdirilýär. Şol bir wagtyň özünde-de lukmanlar we şepagat uýalary gorag eşiklerini we arassaçylyk önümlerini öz hasabyna satyn almaga borçly bolýarlar.

"Çoganlyda we Polimeksiň binasynda lukmanlar we şepagat uýalary 15 günläp işleýärler. Şol bir wagtyň özünde-de gorag enjamlaryny öz hasabyna satyn almaly bolýarlar, olaryň iýmitlenmegi guramalaşdyrylmaýar. Tejribeli şepagat uýalarynyň 2 aýdan gowrak wagtlap karantinden goýberilmeýän ýagdaýlary hem bolýar" - diýip, Aşgabatdaky habarçylarymyzdan biri 3-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň paýtagtynda derman ýetmezçiligi hem dowam edýär, dermanlaryň gymmatçylygynda bejergi almak hemmeler üçin elýeterli däl.

"Dermanhanalarda fizrastworlary we glýukozaly suwuklygy taýýarlap ýetişmeýärler. Adatça işlenip, tassyklanan bejergi üçin dermanlaryň bahasy 5000 manat" - diýip, habarçymyz aýdýar.

Habarçylarymyzyň we Azatlyk bilen gizlinlik şerti bilen gürleşen medisina işgärleriniň sözlerine görä, ilatyň aglaba köpçüligi öýde bejergi alýarlar.

Bu aralykda COVID-19 alamatlary bolan hassalaryň keselhanalarda köpelmegi bilen, dürli kesellerden ejir çekýän näsaglara medisina kömegini almak kynlaşdy. Lukmanlaryň özleri garyndaşlaryna we dostlaryna hassahana gitmegi maslahat bermeýärler, hassahanalarda "goşmaça ýokançlyklara" duçar bolmak töwekgelçiliginiň bardygyny duýdurýarlar. Bu ýagdaý hassalar üçin goşmaça kynçylyk döredýär.

"Öýde bejergi alýanlar üçin analizleri geçirmekde kynçylyk döredi. Ozal muny öýde tölegli edip bolýardy. Indi lukmanlar gelmekden ýüz öwürýärler. Hatda kardiologiýa hassalar üçin çagyrylanda köplenç tiz kömek ulaglary gelmekden ýüz öwürýärler. Lukmanlar gorkýarlar" diýip, habarçymyz aýtdy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri, Bütindünýä saglyk guramasynyň tekliplerinden soň, ýurtda koronawirus bar ýaly hereket edýärler, ilatyň maska geýmegine we fiziki aralygy saklamagyna gözegçilik edilýär, ýurduň içinde hereket etmek üçin saglyk resminamasy we koronawirus testi talap edilýär, käbir desgalar we edaralar ýapyklygyna galýar.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy sport mekdeplerinde karantiniň 15-nji sentýabra uzaldylandygyny, metjitleriňde-de ýapyk galjagyny habar berdi.

1-nji sentýabrda ýurduň orta mekdeplerinde täze okuw ýyly başlandy. Käbir paýtagt mekdeplerinde rus dilinde sapak berýän klaslar ýapyldy we synp otaglarynda çagalaryň sany azaldy. Habarçylarymyz häzir, hususan-da rus dilinde sapak berýän klaslarda 20 okuwçy okadylýandygyny aýdýar.

Türkmenistanda 13-nji iýulda ýapylan metjitler 1-nji oktýabra çenli ýapyklygyna galar. Bu çäre ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça adatdan daşary komissiýanyň 26-njy awgustdaky karary bilen düşündirilýär. AKIpress habar agentligine görä, bu barada Türkmenistanyň müftüler edarasy hökümetçi "Türkmenportal" neşirine aýdypdyr.

Öz çäginde koronawirusyň bolmagyny inkär edýän Türkmenistan, koronawirusa garşy göreşi yglan edýär, daşary ýurtlardan uly mukdarly ynsanperwer kömegini alýar we halkara hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşýar.

7-nji awgustda Bütindünýä saglyk guramasy Türkmenistanda barha artýan pnewmoniýa bilen bagly aladasyny bildirdi we türkmen prezidentini guramanyň koronawirus boýunça garaşsyz synag geçirmegine rugsat bermäge çagyrdy. Şonda BSG Gurbanguly Berdimuhamedowyň razylyk berdigini habar berdi. Türkmenistanda COVID-19 keselini anyklamak üçin agzalan garaşsyz synaglaryň geçirilip, geçirilmändigi köpçülige heniz mälim edilmedi.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG