Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebapda temmäkiniň bikanun ösdürilip ýetişdirilmegi we söwdasy bat alýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebabyň Kerki we Hojambaz etraplarynda temmäkini bikanun ösdürip ýetişdirmek bat aldy we çilim öndürýän kiçi fabrikler peýda boldy. Azatlyk Radiosynyň bu barada habar berýän lebaply habarçysy munuň netijesinde sebitde temmäkiniň bikanun söwdasynyň janlanandygyny aýdýar.

"Adamlar öz hojalyklarynda çilimiň temmäkisini ösdürip ýetişdirýärler. Olaryň "fermerleri" bar diýsek has dogry bolar. Olaryň öndürýän galp we filtrli çilimleri elýeter bahadan satylýar. Olaryň bir sanysy 1,5-2 manat" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 4-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Onuň aýtmagyna görä, çilimiň temmäkisi Kerkiniň Astanababa obasynda, "Etbaş" daýhan birleşiginde, Hojambazyň Dawaly, Tölekguýy, Ýokarkyşor obalarynda ösdürip ýetişdirilýär.

Mundanam başga, habarçy Kerkide we Hojambazda çilim we nas öndürýän kiçi fabrikleriň peýda bolandygyny aýdyp, bularda öndürilen şar şekilindäki nasyň 100 gramynyň 20-30 manatdan satylýandygyny belleýär.

Azatlygyň habarçylary türkmen häkimiýetleriniň ýurtda temmäki ösdürip ýetişdirýän adamlary agyr jogapkärçilige çekýändigini habar berip gelýär.

Şol bir wagtda lebaply habarçy gizlin temmäki ösdürip ýetişdirýän we onuň söwdasy bilen meşgullanýan käbir adamlara häkimiýetleriň howandarlyk edýändigini we şol sebäpden olaryň ýolunyň açykdygyny aýtdy.

"Hususy hojalyklarda çilimiň temmäkisini ösdürip ýetişdirýänlere we çilim öndürýän kiçi farbriklere kanun goraýjy edaralar tarapyndan gözegçilik edilmeýän ýaly bolup görünýär. Ýa-da kanun goraýjy edaralaryň işgärleri bikanun temmäki ösdürip ýetişdirilmegini öz bähbitleri üçin ünsden düşürýärler" diýip, habarçy belledi.

Onuň sözüne görä, temmäkiniň bikanun söwdasynyň janlanmagyna döwlet dükanlarynda çilimiň hiliniň pes, ýöne bahasynyň aşa gymmat bolmagy, şeýle-de köplenç gyt haryda öwrülmegi sebäp boldy.

"Indi çilimkeşleriň köpüsi dükanyň çilimini satyn alman, Lebdapda elde ýasalan çilimi satyn alyp çekmäge başlady ýa-da olar nas atanyny makul bilýärler" diýip, habarçy sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de habarçy ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklar bilen baglylykda, ilat arasynda stres we depressiýadan gutulmak üçin temmäki ulanýan adamlary has köp görse bolýandygyny hem belledi.

Azatlyk Radiosy bu barada Lebap welaýat we Kerki, Hojambaz etrap häkimliklerinden, şeýle-de polisiýa bölümlerinden kommentariý alyp bilmedi.

Türkmenistanda 2016-njy ýylyň martynda “Temmäki önümlerini Türkmenistanyň çägine getirmegiň we söwdasyny amala aşyrmagyň tertibi” hakynda karar kabul edildi.

Bu karara laýyklykda, garamagyndaky edara görnüşli taraplaryň üsti bilen çilimiň lomaý we bölek satuw söwdasyny amala aşyrmaga, şeýle-de temmäki önümleriniň resmi bölek satuw bahalaryny kesgitlemäge diňe Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine ygtyýar berildi.

Kararyň kabul edilmeginiň yzýany 2016-njy ýylda döwlet dükanlarynda ortaça 3 manatdan satylan çilimleriň bahasy, soňky 4 ýylyň dowamynda 10 esse gymmatlap, 2020-nji ýylda 30 manada ýetdi. Şeýle-de, ýurduň döwlet dükanlarynda çilimiň satuwy wagtal-wagtal çäklendirildi.

Azatlygyň habarçylary ýurtda çilimiň gyt haryda öwrülmegi hem-de onuň bahasynyň gymmatlamagy bilen ilat arasynda nas we temmäkiniň uly isleg bildirilýän haryda öwrülendigini ençeme gezek habar berdiler.

Iýul aýynda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Türkmenistanda soňky iki ýyldan gowrak wagt bäri bahasy durnukly saklanan çilimiň gymmatlap başlandygyny habar berdi. Şonda habarçy hususy dükanlarda çilimiň bir gutusynyň bahasynyň 60 manada ýetendigini aýdypdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG