Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Marynyň Ýangyn söndüriji gullugynyň işgärleri özleriniň dürli işlere çekilýändiklerini aýdýarlar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Mary welaýatynyň Ýangyn söndüriji gullugynyň işgärleri dürli sebäpler we bahanalar esasynda özlerine degişli bolmadyk işlerde işlemäge mejbur edilýändiklerini aýdýarlar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan işgärleriň ençemesi bu işleri berjaý etmekden boýun gaçyranlara işden kowuljakdygy ýa-da başga etraba işe geçiriljekdigi barada haýbat atylýandygyny belleýär.

"1-nji sentýabrdan başlap Ýolöten etrabynyň 851 adyndaky ýangyn söndüriji gullugynyň işgärlerine gözegçilik güýçlendirildi. Işgärlerde çalaja bahana tapsalar, ýagny olaryň kellesine geýilýän papagy gyşarsa ýa eşigi uly ýa-da kiçi bolup, onda bahana tapsalar, olary azyndan 3 gije-gündizläp köçelerdäki pyýadalaryň geçelgelerinde adamlary geçirmeli edip goýýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy işgärleriň biriniň sözüni sitirledi.

Onuň 7-nji sentýabrda beren maglumatyna görä, bu işe çekilen ýangyn söndüriji gullugyň işgärleri irden sagat 07:30-dan agşam sagat 00:00-a çenli 14 sagat çemesi wagt dik aýak üstünde durmaly bolýarlar.

"Günortan bir sagat we agşam bir sagat naharlanmaga wagt berýärler. Eger hajathana gitseň, aýlanyp ýören gözegçiler ýeriňden birje minut aýrylanyňy görse, onda berk käýinç berip, düşündiriş ýazdyrýarlar we işiňi daş etraplara geçirýärler. Daş etraplara gatnap işlemek işgärleriň hiç biri üçin-de amatly däl" diýip, ýolötenli işgär aýtdy.

Işgärler özlerine işe girende berilýän egin-eşikleriň hiliniň, tikinleriniň we matasynyň gowy däldigini aýdyp, ýolbaşçylaryň eginbaşlardan bahana tapyşlaryna haýran galýandyklaryny hem belleýärler.

"Welaýatyň Ýangyn söndüriji gullugyna işe gireniňde, Mary şäheriniň Oguzhan köçesinde ýerleşýän şäher polisiýa bölüminiň gapdalyndaky ammardan eşik berilýär. Olar ýa juda uly, ýa-da juda kiçi bolýar. Razmer ýok diýip, özüňe laýyk eşik tas berilmeýär. Olaryň tikinleri hem gyşyk. Işgärleriň köpüsi öz hasabyna eşik tikdirýär ýa-da satyn alýar. Eger hökümetiň berýän eşigini geýsek, onda bizi başga ýere işe geçirmän, göni işden çykarardylar" diýip, işgär aýtdy.

Mundanam başga, olar şu günler Mary welaýatynyň Ýangyn söndüriji gullugynyň ähli bölümlerinde bir düzgüniň ýöredilýändigini belleýärler.

"Işe baranymyzda, elimiz sübseli we pilli edaranyň içini hem-de daşyny süpürýäris, daş-töwerekdäki ekinleri agdarýarys. Üstesine-de, ýolbaşçylar paýyş sözleri kän ulanýarlar. Adamlar işden çykarylmakdan gorkup, hiç zat diýmeýärler" diýip, ýolötenli işgär belledi.

Işgärler şuňa meňzeş gözegçilikleriň öňki aýlarda bolmandygyny aýdyp, munuň sebäpleri barada hiç hili düşündiriş berilmeýändigini aýdýarlar. Ýöne olar munuň ýurtda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyga badalga berilmegi bilen baglanyşyklydygyna ynanýarlar.

Türkmenistanda indi ençeme ýyl bäri her ýylyň sentýabrynda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” ady bilen biraýlyk çäre geçirilýär. Tutuş sentýabr aýyny öz içine alýan bu biraýlygyň dowamynda PÝGG-niň işgärleri esasan awtoulaglaryň tehniki taýdan guratlyk derejesine hem-de ýurtdaky magistrallarda, ýollarda, köçelerde we ýodalarda köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozýan sürüjilere we pyýadalara gözegçiligi güýçlendirýärler.

Soňky ýyllarda Azatlygyň habarçylary bu biraýlygyň dowamynda pyýadalaryň geçelgelerine PÝGG-niň işgärleri bilen bir hatarda, ýangyn söndüriji gullugyň işgärleriniň gözegçilik edýändigini birnäçe gezek habar beripdiler.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Mary welaýat we Ýolöten etrap häkimliklerinden, şeýle-de Ýangyn söndüriji gulluklaryndan kommentariý alyp bilmedi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG