Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maryda PÝGG-niň işgärleri sürüjilere, pyýadalara we çilim çekýänlere gözegçiligi güýçlendirdi


Türkmenistanda ýoluň gyrasynda duran PÝGG-niň işgärleri.
Türkmenistanda ýoluň gyrasynda duran PÝGG-niň işgärleri.

Şu günler Mary şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri köçe-ýol hereketiniň düzgünini bozýan ulag sürüjilerine, pyýadalara we köpçülik ýerlerinde çilim çekýänlere garşy gözegçiliklerini güýçlendirdiler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.

Howpsuzlyk aladalary sebäpli gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy PÝGG-niň işgärleriniň şäheriň dürli köçelerinde bukulyp durýandygyny aýdyp, 23-nji oktýabrda irden bolan bir wakany gürrüň berdi:

“Şu gün Mary bazary tarapyndan Türkmenistan köçesini kesip geçjek bolan bir pensiýa ýaşyndaky daýzanyň ýanyna polisiýa eşigindäki seržant bardy we onuň elinden tutdy. Bu waka şaýat bolan adamlar polisiýa işgäri daýzany ýoldan geçirjek bolýandyr öýtdüler. Emma polisiýa işgäri daýzany yzyna gaýtardy we ony ýoluň gyrasyna geçirdi-de, jerime ýazdy” diýip, habarçy aýtdy.

Habarçy PÝGG-niň işgärleriniň diňe geçilmesiz ýerlerden geçýän pyýadalara däl, eýse ulag sürüjilerine we köpçülikleýin ýerlerde çilim çekýän adamlara hem jerime salmagyny güýçlendirendigini aýtdy.

Şeýle-de, ol öňki aýlardan tapawutlylykda, PÝGG-niň işgärleriniň raýatlardan para ýa-da pul almaýandygyny, munuň bolsa Aşgabatdan barlagçylaryň gelendigi baradaky gürrüňler we olara edilýän gözegçilikleriň güýçlendirilmegi bilen baglanyşyklydygyny belledi.

“Olar Aşgabatdan gelen barlagçylaryň bardygyny bilýärler we öz iş ýerlerinden gorkýarlar. Sebäbi olaryň özlerine hem gözegçilik edilýär” diýip, PÝGG-niň birnäçe işgäri bilen söhbetdeş bolan habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň Marydaky biri-birinden garaşsyz üç habarçysynyň dürlii býujet işgärlerine salgylanyp aýtmagyna görä, geçen hepdäniň aýagyndan bäri şäherde ýurduň täze içeri işler ministri Mämmethan Çakyýewiň welaýata barandygy we onuň edara-kärhanalarda barlaglary geçirjekdigi barada gürrüňler bar. Ýöne döwlet mediasynda bu gürrüňleri tassyklaýan ýa-da inkär edýän maglumatlar häzirlikçe ýok.

Mary şäherinde PÝGG-niň işgärleriniň işine gözegçilikleriň güýçlendirilendigini Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň biri 10-njy oktýabrda habar beripdi. Şonda habarçy polisiýa işgärleriniň gulluk işini berjaý edýän mahaly, gizlin kamera düşürilýändigini hem aýdypdy.

Bu waka türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet ýolbaşçylaryna ýene bir gezek korrupsiýa we parahorlyga garşy berk göreşiň alnyp baryljakdygyny duýduryp, ýurduň içeri işler ministri Isgender Mulikowy wezipesinden boşatmagyndan 10 gün soňa gabat gelipdi.

1-nji oktýabrda baş prokuror Batyr Atdaýew Mulikowyň korrupsiýa faktlaryna, mysal üçin, ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleriniň we beýlekileriň para almagyna göz ýumandygyny mälim etdi. Şonda döwlet TW-si para alan polisiýa işgärleriniň wideokameranyň öňünde toba edýän pursatlaryny görkezdi.

Azatlyk Radiosy sentýabr aýynyň dowamynda, ýagny “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlykda ýurtda, şol sanda Mary welaýatynda PÝGG-niň işgärleriniň ulag sürüjilerine we pyýadalara gözegçiligi güýçlendirendigini habar beripdi.

Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçylary köçe-ýol hereketine gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň bu biraýlygy ulag sürüjilerden we pyýadalardan para almagyň guralyna öwürendigini gürrüň beripdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
XS
SM
MD
LG