Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Turkiýede öz watandaşyny palta bilen öldürmekde güman edilýän türkmen raýaty tussag edildi


Stambul şäheri. Illýustrasiýa suraty
Stambul şäheri. Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň Stambul şäheriniň Pendik etrabynda türkmenistanly bir aýaly palta bilen öldürmekde güman edilýän türkmen raýaty tussag edildi. Bu barada türk habar beriş serişdeleri 23-nji awgustda habar berdi.

“Stambulyň polisiýa müdirliginiň beren maglumatyna görä, 21-nji awgustda türkmenistanly Rozygül Rejepowany öldürmekde güman edilýäni anyklamak we tutmak üçin derňew işleri geçirilip başlandy. Polisiýa işgärleri wakany amala aşyran adamyň 29 ýaşly türkmen raýaty Annamuhammet Ý. bolandygyny kesgitlediler we şübhelini tussag etdiler” diýlip, Haberler.com neşiriniň habarynda aýdylýar.

Maglumata görä, 47 ýaşly Rejepowa 21-nji awgustda gije sagat 10 töwereginde Ertugrul Gazi etrapçasynyň Aýdos köçesiniň ugrunda ýerleşýän ammarda öldürilidi.

“Geçirilen derňew we gözleg işlerinde türkmenistanly aýalyň Annamuhammet bilen Internetde tanyşandygy anyklandy. Agaç ammarynda işleýän şübheli Rejepowany ammara çagyrýar. Annamuhammet özaralarynda bolan çekeleşikden soň, Rejepowany palta bilen öldürendigini boýun aldy” diýlip, habarda bellenilýär.

Azatlyk Radiosynyň bu barada Stambulyň polisiýa müdirliginden kommentariý almak boýunça eden synanyşygy häzirlikçe netije bermedi.

22-nji awgustda türk media serişdelerinde türkmenistanlylar bilen bagly ýene bir habar peýda boldy. Sondakika.com neşiriniň maglumatyna görä, Türkiýäniň Burdur şäherinde galp pul işi bilen bagly tussag edilen alty adamdan biriniň Türkmenistanyň raýatydygy anyklandy.

Çig köfte, ýagny kotlet öndürijisinde söwda edenden soň, bir ulagda tussag edilen alty adamdan üçüsi erkek, galan üçüsi-de aýaldyr. Zenanlaryň biri türkmen raýatydyr. Erkekleriň birinde 17 müň 350 türk lirasy, ýagny takmynan 2350 amerikan dollary möçberinde galp pul ele salyndy diýlip, habarda aýdylýar.

Şeýle-de, onda şübhelileriň kazyýete iberilendigi we güman edilýänlerden B.Ç-niň tussag edilendigi, beýlekileriň kazyýet gözegçiliginde boşadylandygy hem bellenilýär.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklar, işsizlik bilen baglylykda, Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçylarynyň aýtmagyna görä, soňky ýyllarda gazanç gözleginde daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň sany görnetin artdy. Türkiýe türkmen migrantlarynyň iň köp ýykgyn edýän ýurtlarynyň başyny çekýär.

Munuň bilen bir wagtda, daşary ýurtlara zähmet migrasiýasyna gidýän türkmenistanlylar, olaryň duçar bolýan kynçylyklary, şeýle-de eklenç üçin bikanun işlere ýüz urýan türkmen raýatlary barada häli-şindi habarlar peýda bolýar.

Iýunyň başynda Türkiýäniň Stambul şäheriniň Maltepe etrabynda Türkmenistanyň bir raýaty bir öýde ýaşaýan watandaşyny öldürenden soň, polisiýa bölümine baryp, özüni türk resmilerine tabşyrdy.

“Türkmenistanly bir adam, özi ýaly türkmen raýaty bolan Döwletmyrat Ballarowy ýenjip öldürdi. Şondan soň şübheli Kadyköy Hasanpaşa polisiýa merkezine baryp, özüni resmilere tabşyrdy" diýip, "Hürriyet" neşiri 2-nji iýunda habar berdi.

Şu ýylyň başynda bolsa, Stambulda öz watandaşyny ýaralamakda hem-de bir özbegistanlyny öldürmekde güman edilýän iki türkmenistanlynyň, 44 ýaşly Bartalaw bilen onuň aýaly Rozanyň tussag edilendigi habar berildi.

Türkmenistanyň hökümeti hemişelik ýa-da uzak möhletli esasda daşary ýurtlara giden ýa-da göçen raýatlaryň sany barada takyk maglumatlary mälim etmeýär. Ýurduň resmi metbugaty hem, türkmen raýatlary hakda daşary ýurt media serişdelerinde çykýan habarlar barada mesele gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG