Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranyň göreş çempiony Nawid Afkari jezalandyrylyp öldürildi


 Nawid Afkari
Nawid Afkari

Eýranyň döwlet metbugaty 12-nji sentýabrda adam öldürmekde günäkärlenen eýranly pälwan Nawid Afkariniň, hukuk toparlary we ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp tarapyndan ýazgarylmagyna garamazdan, jezalandyrylyp öldürilendigini habar berdi.

Afkari "pidanyň ene-atasynyň we maşgalasynyň talap etmeginde kanuny proseduralar geçirilenden soň, şu gün irden jezalandyryldy" diýip, döwlet eýeçiligindäki metbugat Fars welaýatyndaky adalat bölüminiň başlygyna salgylanyp aýtdy.

Afkari 2018-nji ýylda günortadaky Şiraz şäherinde hökümete garşy gurnalan köpçülikleýin demonstrasiýalar wagtynda bir adamy öldürmekde günäli tapyldy.

Bu jenaýat işi halkara närazylygyny döretdi.

Afkari, maşgalasynyň we aktiwistleriň pikiriçe, agyr gynamalar esasynda üstüne ýüklenen günäni boýun almaga mejbur edildi, aklwaçysy onuň günäsiniň subut edilmändigini, sebäbi beýle deliliň ýokdugyny aýdýar.

Eýran sudy gynamalar barada aýdylýanlary ret etdi.

85 000 türgene wekilçilik edýän bütindünýä bileleşigi 8-nji sentýabrda, eger-de Afkary jezalandyrylyp öldürilse, Eýranyň dünýä sportundan çykarylmagyny talap etdi.

Mundan öň ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp hem Eýrany pälwany jezalandyrmazlyga çagyrdy.

“Eýranyň beýik we meşhur göreş ýyldyzy, 27 ýaşly Nawid Afkariniň jezalandyrjakdygny eşidýärin, onuň bar eden işi köçede hökümete garşy guralan demonstrasiýa gatnaşmak boldy. Olar "ýurduň ykdysady ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna we inflýasiýa nägilelik bildirdi” diýip, Tramp 3-nji sentýabrdaky twitter beýanatynda aýtdy.

XS
SM
MD
LG