ABŞ-nyň 13 senatory Belarusdaky parahat protestleri basyp ýatyrmakdaky orunlary üçin belarus resmilerine garşy sanksiýalary göz öňünde tutýan rezolýusiýany hödürlediler.
Senatyň Daşary gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy respublikançy senator Jim Riş (Jim Risch) 14-nji sentýabrda çykyş edip, Belarusdaky oppozisiýa garşy dowam etdirilýän repressiýalary “ynsapsyzlyk” diýip atlandyrdy.
Rezolýusiýada Belarusda 9-njy sentýabrda geçirilen saýlawlaryň “ne adalatly, ne-de açyk bolandygy” nygtalýar. Bu saýlawlaryň netijeleri boýunça prezident Aleksandr Lukaşenka altynjy möhlete prezident saýlanypdy.
ABŞ senatorlarynyň iki partiýaly rezolýusiýasynda Belarusyň Merkezi Saýlaw Komissiýasynyň prezidentlik saýlawlary boýunça yglan eden netijeleri hem geçirsiz diýlip ykrar edilýär.
Rezolýusiýada ähli syýasy tussaglaryň, şol sanda parahat protestleriň dowamynda we saýlawlaryň öňüsyrasynda tussag edilenleriň azat edilmegine çagyrylýar.
Rezolýusiýada nygtalyşy ýaly, sanksiýalar Ýewropa Bileleşigi we beýleki halkara hyzmatdaşlary bilen utgaşykda giriziler.
Rezolýusiýada belarus hökümet resmileri tarapyndan, aglaba parahat protestlere gatnaşany ýa-da ony synlap durany üçin, 7 müň töweregi adamyň tussag edilendigi; olaryň köpüsiniň hem belarus kanun goraýjy edaralarynyň işgärleri tarapyndan ýenjilendigi we gynamalara sezewar edilendigi bellenilýär.
Mundan başga-da, rezolýusiýada Belarusda resmileriň basyp ýatyrmak çäreleriniň arasynda metbugat azatlygyny hem dowamly çäklendirýändigi aýdylýar.