ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýran tarapyndan ediljek islendik hüjüme has uly gaýtawul bilen jogap beriljekdigini duýdurdy. Bu Tähranyň eýranly general Kasem Soleýmaniniň öldürilmegine jogap edip, ABŞ-nyň diplomatynyň janyna kast etmegi meýilleşdirýändigi baradaky habarlaryň arasyna gabat geldi.
Eýranyň ABŞ-a garşy etjek islendik görnüşdäki hüjümine “Eýrana garşy 1,000 esse uly gaýtawul bilen hüjüm ediler” diýip, Tramp 14-nji sentýabrda özüniň Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.
Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň Kuds güýçleriniň kommandiri Soleýmani ýanwarda Bagdadyň golaýynda ABŞ-nyň dronly hüjüminiň netijesinde öldürilipdi.
Mundan öň, 13-nji sentýabrda “Politico” neşiriniň beren maglumatyna görä, Eýran ABŞ-nyň Günorta Afrikadaky ilçisi Lana Marksyň janyna kast etmek synanyşygyny guramalaşdyrmak bilen meşgullanypdyr.