Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Global derňew Türkmenistanyň 1,4 milliard dollara barabar şübheli bank amalynyň üstüni açýar


Illýustrasiýa suraty.

Derňew žurnalistleriniň halkara konsorsiumynyň (ICIJ) geçiren global derňewi 2001-2016-njy ýyllar aralygynda Türkmenistandan onlarça şübheli bank amallary arkaly 1,4 milliard dollara barabar puluň çykarylandygyny görkezýär. Azatlyk Radiosynyň gatnaşan derňewinde gürrüň Türkmenistanyň döwlet edaralary tarapyndan daşary ýurtlardaky “galp” kompaniýalaryň hasabyna geçirilen ýüzlerçe million dollar barada barýar.

“BuzFeed News” neşiri Birleşen Ştatlaryň Gazna departamentiniň Maliýe jenaýatlara garşy göreş gullugyndan (FinCEN) syzan 2,100 töweregi şübheli amal hasabatyny Derňew žurnalistleriniň halkara konsorsiumy bilen paýlaşdy. Konsorsiumyň guramaçylygynda 88 ýurduň 110 habar guramasyndan 400-den gowrak žurnalist Birleşen Ştatlaryň Maliýe jenaýatlara garşy göreş gullugyndan syzan dokumentleri 16 aýyň dowamynda derňedi. Derňewe Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň içindäki korrespondentleri hem kömek etdi.

Derňew dünýäniň ençeme ýurdundaky şübheli bank geçirimlerini öz içine alýan degişli dokumentleri barlady.

Hasabata görä, Türkmenistanyň bank amallary köplenç gaýtalanýan tertipde ugradylandygy sebäpli, şeýle-de olaryň galplykda güman edilýän kompaniýalar bilen ilteşigi sebäpli şübhe oýandyrdy.

Halkara žurnalistleriň barlaglaryna görä, düýbi Britaniýada ýerleşýän käbir kompaniýalar düzgünleşdiriji guramalara özleriniň haýsydyr bir biznes bilen meşgullanmaýandyklaryny habar berseler-de, Türkmenistandan pul kabul etdi.

Syzan dokumentlerden mälim bolşuna görä, bir gezek, Türkmenistanyň Söwda ministrligi “Intergold LP” atly bir şotland kompaniýasyna 1,6 million dollar ugratdy. Bank kagyzlary bu tölegiň “konditer önümleri üçin” geçirilendigini görkezýär. Töleg ministrligiň Aşgabatdaky bank hasabyndan, Nýu Ýorkdaky “Deutsche Bankyň” üsti bilen, “Integoldyň” Latwiýadaky bir bank hasabyna geçýär. “Intergold LP” Türkmenistan hökümeti bilen aradaky bank amallaryndan 10 aý ozal döredilipdir. Bu kompaniýanyň eýesi mälim däl.

“Bu ýerde, gürrüňsiz, döwlet gaznasyndan serişde çekmek üçin galp kompaniýa ulanylan ýaly bolup görünýär” diýip, derňew hasabaty Londonyň Chatham House aň-düşünje guramasynyň ylmy işgäri Annette Bohruň sözlerini getirýär. “Olar ‘konditer önümleri’ diýip, ýazsalar, üns çekmez öýdendirler” diýip, ol aýdýar.

Mundan bir ýyl gowrak wagt ozal, 2019-njy ýylyň sentýabrynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň şol wagtky söwda ministri Amandurdy Işanowy wezipeden boşdy. Onuň yz ýany Işanow dürli jenaýatlarda aýyplanyp tussag edildi.

Işanow Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy wezipesinde işlän döwründe geçirilen birža söwdalarynda daşary ýurtlarda hasaba alnan kompaniýalara nebit önümlerini arzan bahadan satmaga ýardam bermekde we ýene birnäçe jenaýatda aýyplandy. Işanow 2014-2018-nji ýyllar aralygynda Döwlet çig-mal biržasynyň başlygy, 2018-2019-njy ýyllarda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministri wezipesinde işledi. Azatlyk Radiosy onuň tussag edilmegi bilen žurnalistleriň geçiren derňewinde agzalýan şübheli bank geçirimleriniň arasyndaky arabaglanyşygy anyklap bilmedi.

Hasabatda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Söwda ministrligi ABŞ-daky türkmen ilçihanasynyň üsti bilen ugradylan soraglara jogap bermedi. Ministrligiň onlaýn aragatnaşyk formy işlemeýär.

“Deutsche Bank” degişli bank amallaryny näme sebäpden şübheli hasaplandygyny mälim etmeýär. Şübheli bank amallary geçirimleriň kanuna ters gelýändigini aňlatmaýar.

Hasabatda “Deutsche Bankyň” 2014-nji ýylyň aprel aýyndan 2015-nji ýylyň ýanwar aýy aralygynda Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň 281 million dollara barabar puluny şübheli bank amaly arkaly geçirendigi mälim edilýär.

Iri bank geçirimi maliýe edaralary tarapyndan pul ýuwmak, korrupsiýa, sanksiýalaryň bozulmagy ýa-da beýleki jenaýatlarda güman edilse şübheli hasaplanýar we ABŞ-nyň Maliýe jenaýatlara garşy göreş gullugyna “şübheli bank amaly” hökmünde hasabat berilýär.

Derňew 1999-2017-njy ýyllar aralygynda dünýäde azyndan 2 trillion dollardan gowrak bank amalynyň maliýe guramalary tarapyndan şübheli amal hökmünde hasaba alnandygyny görkezýär.

Türkmenistan üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary, şol sanda nagt ýetmezçiligini başdan geçirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG