Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabada barýan ýollarda polisiýanyň gözegçiligi ýokarlandy we lukmançylyk barlagy ýatyryldy


Maskaly polisiýa işgärleri, Türkmenistan, sentýabr, 2020

Azatlygyň habarçylarynyň habar bermegine görä, Aşgabadyň eteginde paýtagta barýan awtoulag ýollarynda polisiýanyň gözegçiligi ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde, howpsuzlyk çäreleriniň güýçlendirilýän wagtynda, ýollarda temperaturany ölçemek üçin lukmançylyk nokatlary ýok edildi.

"Aşgabadyň girelgelerinde awtoulaglary saklap, barlap başladylar we uzakdaky ýerlerde Kaka, Ýaşlyk, Bäherden we Gökdepe ýaly ýerlerde awtoulaglary saklaýarlar, ýolagçylaryň atlaryny we ulag maglumatlaryny ýazyp alýarlar" - diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 21-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Habarçymyz polisiýa barlaglarynyň güýçlendirilendigi barada ýekşenbe güni birnäçe çeşmeden mälim bolandygyny aýtdy.

Paýtagta barmagyň çäklendirilen düzgüni şu ýylyň bahar aýlaryndan bäri dowam edýär, global koronawirus pandemiýasynyň fonunda, öz çäginde bu keseliň ýokdugyny öňe sürýän Türkmenistan, ilatyň ýurduň içinde hereket etmegini we paýtagta girip-çykyşyny çäklendirdi. Şol wagtda-da ulag sürüjileriniň we ýolagçylarynyň temperaturasyny ölçemek üçin awtoulag ýollarynyň hemme ýerlerinde lukmançylyk nokatlary oturdyldy.

Habarçymyzyň sözlerine görä, häzirki wagtda polisiýa barlaglarynyň güýçlendirilmegi bilen birlikde ýollardaky lukmançylyk nokatlary ýok edilipdir.

"Şol bir wagtyň özünde lukmançylyk gözegçilik nokatlary ähli ugurlardan aýryldy, indi olar ýok we hiç kim temperaturany ölçemeýär" -diýip habarçymyz belleýär.

Geçen hepde paýtagtyň içinde we welaýat merkezlerinde gözegçiligiň güýçlendirilendigi barada habar berlipdi. Aşgabadyň polisiýasy paýtagtda ýaşaýanlaryň dokumentlerini barlady we welaýatlardan baranlary gözledi.

Mary welaýatynda polisiýa işgärleriniň köçelerdäki sany ep-esli artdy. Baýramaly şäherinde il içindäki gürrüňleri diňleýän “taksi sürüjileri” bolup şäherde aýlanýan howpsuzlyk işgärleri peýda boldy. Mary-Baýramaly gara ýolundaky polisiýa postlarynda geçip barýan awtoulaglar köpçülikleýin surata düşürildi.

Türkmenistanda howpsuzlyk çäreleriniň işjeňleşdirilmeginiň resmi sebäpleri belli däl. Adatça, şeýle ýagdaý döwlet baýramçylyklarynyň we ýurduň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm wakalaryň öňüsyrasynda ýüze çykýar.

Şu günler Türkmenistan Garaşsyzlyk gününe we Halk Maslahatynyň ýygnagyna taýýarlanýar. Bu ýygnakda garaşylýan konstitusion üýtgetmeler ilatyň arasynda nägilelik döretdi we daşary ýurtlardaky türkmenleriň protest aksiýalaryny geçirmegine sebäp boldy.

Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary, häzir öňki ýyllardan tapawutlylykda, Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda ilatyň mejbury gatnaşmagyndaky köpçülikleýin repetisiýalaryň ýokdugyny habar berýärler.

"Elbetde, raýatlar, hökümet işgärleri we talyplar üçin repetisiýalaryň bolmazlygy durmuşy has aňsatlaşdyrdy. Elbetde, pandemiýa sebäpli, halk üçin ýüze çykan ähli kynçylyklar bilen bilelikde maşklar hem geçirilse, bu psihikany hasam gynandyrýan faktor bolar. Şäherde ulag dyknyşyklary ýok, köçeler petiklenmeýär, köçelerde ýörite eşikli we ellerinde maşklaryň dowamynda oturmak üçin niýetlenýän oturgyç göterip barýan köp sanly okuwçy görnenok. Ýöne bu diňe ýagdaýyň görünýän bölegi. Şu ýyl adamlaryň şahsy wagtyny bir elinden almaýarlar, ýogsa köpçülik maşklara sürüljegine gorky bilen garaşypdy"- diýip, Aşgabatdaky habarçymyz 21-nji sentýabrda habar berdi. Onuň sözlerine görä, häzir repetisiýalar diňe harbylar we harby okuw jaýlarynyň studentleri üçin geçirilýär.

Şol bir wagtda-da, şu ýyl ýurduň esasy döwlet baýramçylygynyň öňüsyrasynda ozalky ýyllardan üýtgemän galan ýagdaýlaryň biri öýsüz haýwanlary ýok etmekdir.

Aşgabatdan haýwanlary goraýjylaryň habar bermegine görä, soňky günlerde itleriň we pişikleriň awlanmagy ýene-de bat alypdyr.

"Pişikler üçin zäherlenen kolbasa taşlanýar, bu öý itleriniň saklanýan jaýlaryň girelgelerine hem zyňylýar. 11-nji etrapçada ölen pişikler eýýäm köp" - diýip, Aşgabatly haýwanlary goraýjy aktiwist 22-nji sentýabrda habar berdi.

Ýurduň ýolbaşçylary her ýyl öz goly astyndakylara Garaşsyzlyk gününi iň ýokary guramaçylyk derejesinde dabaralary geçirmegi tabşyrýarlar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG