Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen aktiwistleri ABŞ-da çykyş edip, Türkmenistana we ýurtdaky problemalara ünsi çekýärler 


Türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde piket geçirdiler, Waşington, 1-nji sentýabr, 2020
Türkmen aktiwistleri Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde piket geçirdiler, Waşington, 1-nji sentýabr, 2020

Türkmenistanyň raýatlary ABŞ-da üç gün bäri protest aksiýalaryny geçirýärler we türkmen konstitusiýasyna üýtgetme girizilmeginden, şeýle-de prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyndan närazylyk bildirýärler. Guramaçylar geçirilýän protestleriň Türkmenistana we ýurtdaky problemalara köpçüligiň ünsüni çekýändigini belleýärler.

Türkmenistanlylaryň ABŞ-da guramalaşdyran dört günlük protest aksiýasynyň jemleýji tapgyry 2-nji sentýabrda BMG-niň edarasynyň öňünde öýlän geçiriler.

1-nji sentýabrda türkmen protestçileri Waşingtonda Türkmenistanyň ilçihanasynyň öňünde jemlendiler. Türkmen raýatlary "Stop diktator", "Bize şeýle prezident gerek däl", "Haýyş çekil we pop ýyldyz bol!", "Türkmenistan ähli syýasy tussaglary azat et" mazmunly şygarlary göterip durdular.

Protestçiler öz beýanatyny türkmen resmilerine gowşurmak islediler. Emma türkmen diplomatlary demonstrantlaryň ýanyna çykmandyr. Bu barada Azatlyk Radiosyna aksiýa gatnaşan guramaçylaryň biri "Türkmenistanyň demokratik saýlawy" (DWT) hereketiniň lideri Myrat Gurbanow 1 sentýabrda Waşingtondan gürrüň berdi.

Gurbanowyň sözlerine görä, ilçihanadan diňe bir adam çykyp, ýygnan adamlary surata düşüripdir, emma ol protestçiler onuň bilen gürleşmäge synanyşanda dessine gidipdir. Waşingtondaky mitingiň çäginde protestçiler ilçihanadan soň Kongresiň binasynyň öňünde jemlendiler.

Aktiwistleriň pikiriçe, Türkmenistanyň baş kanunynyň üýtgedilmegi ýurtda häkimiýetiň bir elde jemlenmeginiň doly kanunlaşdyrylmagyna we miras geçmegine ýol açyp, yzyna gaýtaryp bolmajak bir ýagdaýa getirer.

"Konstitusiýanyň çalyşmalary düýpli çalyşmalar. Onuň düýbi üýtgedilýär. Baş kanunymyzyň düýbünde döwletiň häkimiýetiniň üç şahasy ýatyr. Prezident - ýerine ýetiriji häkimiýet, Mejlis- kanun çykaryjy, ol welaýatlaryň wekillerini öz içine alýar we üçünjisi sud, konstitusion sud. Olar bir birinden awtonom işläp durmaly. Bu ýerde bolsa prezident şol kanun çykaryjy organyň ygtyýarlygyny ogurlap alýar. Konstitusion reforma geçiriljek bolsa ol referendumyň esasynda geçirilmeli. Biz referendum isleýäris" diýip, Myrat Gurbanow aýtdy.

19-njy awgustynda Türkmenistanyň prezidenti we Konstitusiýa komissiýasynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow "Türkmenistanyň konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek" baradaky karara gol çekip, Baş kanuny üýtgetmek boýunça geçen ýylyň sentýabr aýynda başlanan işi soňlady. 25-nji sentýabrda Halk Maslahatynyň mejlisinde tassyklanjak üýtgetmelere görä, ýurtda iki öýli parlament dörediler. Halk Maslahaty kanun çykaryjy organ bolup, Mejlis bu ygtyýarlygyny ýitirer.

Türkmenistanyň daşynda ýaşaýan türkmen raýatlarynyň protest çykyşlarynyň häzirki tapgyry 30-njy awgustda Hýuston şäherinde başlandy. Demonstrasiýalar onlarça adamyň gatnaşmagynda geçýär we oňa ABŞ-da, Kanadada we Ýewropada ýaşaýan türkmenistanlylar Narjan Muzapberowa, Muhammet Düýeji we Myrat Gurbanow guramaçylyk edýär.

Aktiwistler türkmen hökümetiniň konstitusiýany üýtgetmek kararynyň Türkmenistandaky syýasy we ykdysady krizis, korrupsiýa, koronawirus pandemiýasy, işsizlik ýaly agyr sosial problemalaryň agyrlaşan pursadynda geçirilýändigini belleýärler.

Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenistanlylar soňky 4 aýda ABŞ-da, Türkiýede we Demirgazyk Kiprde protest aksiýalarynyň ençemesini guradylar. Türkmen häkimiýetleriniň ýurtda tupandan ejir çeken ilata kömek etmezligi, COVID-19 alamatlary keselçiligiň we ölümiň köpçülikleýin ýüze çykmagyna garamazdan, koronawirusyň bardygyny ykrar etmezligi, şeýle hem uzaga çeken ykdysady krizis ýurduň içinde we daşynda nägileligiň döremegine sebäp boldy.

Türkmenistanyň häkimiýetleri protest çykyşlary resmi derejede görmezlige salýar, şol bir wagtda-da aktiwistleriň ýurt içindäki ýakynlaryna basyş görkezýär, soraga çekýär we gorkuzmaga synanyşýar.

Adam hukuklaryny goraýjylar şeýle ýagdaýlaryň onlarçasy barada hasabat berýär we türkmen häkimiýetleriniň raýatlaryň kanuny hukugyny depelemekden we aktiwistleri yzarlamakdan el çekmegini talap edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG