Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebaply maşgalalar: Ýurtdaky parahorlyk çagany perzentlige almak işine-de aralaşdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Lebap welaýatynyň çagalar öýlerinden çagany perzentlige almak isleýän maşgalalar özleriniň tas ähli resminamalary taýýar bolsa-da, ençeme ýyllap garaşmaly bolýandyklaryny aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen söhbetdeş bolan maşgalalar muňa bu prosesiň dowamyndaky korrupsiýanyň sebäp bolýandygyny belleýärler.

"Farap etrabynda çagalar öýlerinden çagany perzentlige almaga indi üç ýyl bäri garaşýan maşgalalar bar. Olar özleriniň azyndan 40 gapyny kakyp, 30-dan gowrak resminama ýygnandyklaryny aýdýarlar. Ýöne olar tas ähli resminamalar taýýar bolsa-da, özlerinden soralýan para sebäpli çagany perzentlige alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Belläp geçsek, ýurtda raýatlaryň döwletiň howandarlygyndaky we hossarlygyndaky çagalar öýlerinden çagalary perzentlige almak düzgünleri "Türkmenistanyň Maşgala kodeksi" hakyndaky kanunda kesgitlenýär.

Bu kanunyň 107-nji we 108-nji maddalarynda perzentlige almaga hukugy bolan adamlar, çagany perzentlige almagyň tertibi, çagany perzentlige almagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy boýunça ädilmeli ädimler barada maglumat berilýär.

Çagany perzentlige almak üçin üç ýyl bäri garaşýan faraply maşgalalaryň biri bu maddalarda aýdylýan resminamalaryň her birini, şol sanda Merkezi bankyň Aşgabatdaky edarasyndan bergiň ýokdugy, üç arkaňyň sud edilmändigi, emläk sanawy we saglyk baradaky kepilnamalary almak üçin para bermeli bolandygyny aýdýar.

"Häzirki wagtda resminamalaryň ählisi taýýar bolsa-da, köçäňizde lagym ýa-da agyz suw turbasy ýok diýip, bahana tapýarlar we çagany perzentlige bermeýärler. Lagym we agyz suw turbalary çekilmedik bolsa, bu raýatlaryň günäsi däl ahyryn. Ýöne 45000-50000 manat para beren adamlar 4 aýyň dowamynda çagalar öýündan perzentlige çaga alyp bilýärler. Biziň we biz ýaly başga-da ýüzlerçe maşgalanyň bu puly bermäge maddy mümkinçiligi ýok" diýip, faraply bir ýaşaýjy aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri ýurtdaky çagalar öýlerinde hossarsyz we howandarsyz näçe çaganyň bardygy we çagany perzentlige almak isleýän maşgalalaryň sany baradaky statistiki maglumatlary halk köpçüligine malim etmeýärler.

Ýöne Azatlygyň habarçysy soňky 10 ýylyň dowamynda perzentsiz maşgalalary köp görse bolýandygyny aýdýar. Şeýle-de, ol Lebabyň statistika edarasynyň bir işgärine salgylanyp, welaýatda 2 müňden gowrak maşgalanyň çagany perzentlige almaga garaşýandygyny aýdýar.

Azatlyk Radiosy ýokarda aýdylanlar barada Lebap welaýat we Farap etrap häkimliklerinden, şeýle-de statistika edarasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we türkmenistanlylar ýurtda para almak tejribesine bäbekhanadan başlap, durmuşyň tas ähli pudagynda duş gelse bolýandygyny aýdýarlar.

Türkmenistan halkara korrupsiýa hasabatlarynda hemişe iň korrumpirlenen ýurtlaryň arasynda görkezilýär. Transparency International guramasynyň korrupsiýa boýunça ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistan Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionynda iň yzdaky orunda ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG