Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Lebaply ene-atalar: Çagalarymyzy gullukdaky sütemden goramak üçin para bermeli bolýarys


Türkmenistanda harby kasam dabarasy geçirilýär. Oňa esgerler bilen bir hatarda, olaryň ene-atalary hem gatnaşýar.

Türkmenistanda raýatlary harby gulluga çagyrmagyň ýazky möwsümi dowam edýän mahaly, lebaply ene-atalar çagalaryny ýurduň "gowy we howpsuz" harby bölümlerine ýerleşdirmek üçin degişli resmilere para bermäge mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Bu barada Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi paranyň möçberiniň 5 müňden 20 müň manada çenli aralykdadygyny belleýärler.

"Maý aýyndan bäri ene-atalar öz ogullaryny ýurduň ençeme harby bölümine düşürmek ýa-da düşürmezlik üçin Lebapdaky harby wekillige para berýärler" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy ýakynda bu mesele bilen ýüzbe-ýüz bolan ene-atalara salgylanyp, 8-nji iýunda gürrüň berdi.

Ene-atalaryň sözüne görä, birinjiden, olar öz çagalaryny serhet garnizonlaryna düşürmejek bolýarlar. Munuň sebäpleri soňky döwürde serhetde harby gulluk borjuny ýerine ýetirýan ençeme esgeriň jesediniň sebäpsiz hossarlaryna gowşurylmagy bilen baglanyşykly.

"Soňky ýyllarda serhetde gulluk edýän ençeme esgeriň jesedi geldi. Şonuň üçin ene-atalar çagalaryny serhede iberesi gelmeýär. Çagalar owgan ýa-da eýran serhet birikmelerine düşmez ýaly 5000 manat para bermeli bolýarys. Olary gullukdaky sütemden, howpdan goramaga synanyşýarys" diýip, lebaply ene-atalaryň biri gürrüň berdi.

Ikinjiden, ene-atalar çagalaryny ýurtdaky harby bölümleriň arasynda azyk üpjünçiligi we howpsuzlygy boýunça "gowy" hasaplanýan harby bölümlere ýerleşdirmäge synanyşýarlar. Olaryň biri Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 10-01 h/b bolup, ene-atalar çagalaryny bu ýere düşürmek üçin 10 müňden 15 müň manada çenli para bermeli bolýarlar.

"Milli howpsuzlyk ministrligine degişli harby bölümlerde gulluk etmek üçin 20 müň manat, prezidentiň gorag polky üçin 15 müň manat para soralýar. Bularyň ikisi üçin-de esgeriň 3 arkasy barlanýar we olar arassa bolmaly. Ene-atalar öz çagalaryny Aşgabat şäherindäki ähli harby bölümlere düşürmek üçin-de 5 müň manat para bermeli bolýarlar" diýip, habarçy gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosynyň bu aýdylanlary Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki harby wekilligine tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek synanyşyklary başa barmady.

Raýatlary harby gulluga çagyrmak çäreleri Türkmenistanyň prezidentiniň namalary esasynda ýylda iki gezek - 1-nji aprelden 30-njy iýuna çenli hem-de 1-nji oktýabrdan 31-nji dekabra çenli aralykda geçirilýär. 14-nji martda Türkmenistanda nobatdaky çagyryş möwsümi başlady.

Azatlygyň habarçylary we ene-atalar, şeýle-de garaşsyz neşirler Türkmenistanyň goşunlarynyň hatarlarynda agalyk, ýaş esgerleri kemsitmek, urup-ýençmek we ezmek, kähalatda öldürmek ýa-da öz janyna kast etmäge mejbur etmek ýagdaýlarynyň saklanyp galýandygyny aýdyp gelýärler.

Şeýle-de, milli goşunda gulluk edýän esgerleriň harby bölümlerde iýmit önümleriniň hem-de arassaçylyk serişdeleriniň ýetmezçiliginden hem kösenýändigi barada habarlar bar.

Geçen aý​yň​ ahyrynda "Turkmen.news" neş​iri türkmen häkimiýetleriniň harby gullukda wepat bolan 18 ýaşly ogly baradaky hakykaty anyklamaga çalyşýan esger enesine beýleki oglunyň hem ölüp biljekdigi bilen haýbat atýandygyny habar berdi.

Fewral aýynda bolsa, Maryda harby tehnikalary garawullaýan ýaş esgeriň welaýatyň harby hassahanasynda aradan çykandygyny, Azatlygyň bu welaýatdaky habarçysy habar berdi.

Türkmenistanyň degişli edaralary, Goranmak we adalat ministrlikleri bu hili maglumatlary ne tassyklap, ne-de ret edip çykyş edýärler.

Transparency International guramasynyň korrupsiýa boýunça ýaýradan soňky hasabatynda Türkmenistan Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa regionynda iň yzdaky orunda ýerleşdirildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG