Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Lukaşenkany gutlady


Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Alýaksandr Lukaşenka
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Alýaksandr Lukaşenka

23-nji sentýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow altynjy möhlete özüni duýdansyz Belarusyň prezidenti yglan eden Alýaksandr Lukaşenkany "inagurasiýa" mynasybetli GDA ýurtlarynyň prezidentleriniň arasynda ilkinji bolup gutlady.

TDH-nyň habar bermegine görä, Berdimuhamedow gutlag hatynda Lukaşenkany wezipä girişmegi mynasybetli gutlady, hem-de ähli belarus halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Berdimuhamedow Belarusda 10-njy awgustda prezident saýlawlarynyň oppozisiýanyň galp atlandyrýan resmi netijeleriniň yglan edilmeginden soň, GDA agza ýurtlaryň Lukaşenkany saýlaw netijeleri mynasybetli gutlamadyk az sanly prezidentleriniň hataryndady.

Çarşenbe güni Lukaşenka 9-njy awgust prezident saýlawlarynyň netijeleriniň "galplaşdyrylmagyna" garşy ýurt boýunça geçirilýän köpçülik protestlerine garamazdan, birden kasam kabul etdi.

Belarusyň “BelTA” döwlet habar agentligi inagurasiýa dabarasyna “birnäçe ýüz” ýokary wezipeli resminiň çagyrylandygyny habar berdi, ýöne hakykatda oňa kimleriň we näçe adamyň gatnaşandygyny aýtmady.

Dabarada Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Lukaşenka Belarus respublikasynyň prezidentiniň şahadatnamasyny gowşurdy diýip, “BelTA” habar berýär. Saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýan demonstrantlar Merkezi saýlaw komissiýasynyň 10-njy awgustda yglan eden we Lukaşenka sesleriň 80 prosentini beren saýlaw netijelerine garşy protest geçirýärler. Häkimiýetler demonstrasiýalara ýowuz basyp ýatyrmalar bilen jogap berýär.

Birleşen Ştatlary, Ýewropa Bileleşigi we beýleki Günbatar ýaranlary polisiýanyň demonstrantlara garşy zorluk ulanmagyny tankyt etdi.

Inagurasiýa dabarasyndan soň, Belarus oppozisiýasy onuň sürgündäki lideri Swýatlana Tihanowskaýanyň ýolbaşçylygynda Lukaşenkanyň “galp” ýeňşini asla kabul etmejekdiklerini aýtdy.

23-nji sentýabrda Birleşen Ştatlary, käbir Ýewropa ýurtlary, şol sanda Daniýa, Latwiýa, Litwa, Germaniýa, Slowakiýa, Çehiýa we Estoniýa Lukaşenkany Belarusyň legitim prezidenti hasaplamaýandyklaryny aýtdy.

XS
SM
MD
LG