Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl koronawirus çäklendirmelerini berkitmekde Fransiýa goşuldy


Illýustrasiýa suraty

ABŞ-nyň saglyk resmileri sanjym taýýarlamak işinde “hiç zady gaýgyrmazlygy” wada berýän wagty, Ysraýyl we Fransiýa koronawirusyň gaýtadan ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin täze çäklendirmeleri yglan eden ýurtlaryň hataryndadyr.

Ysraýylyň premýer ministri Benýamin Netanýahunyň hökümeti Ysraýylda koronawirus petiklemelerini berkitmek kararyna geldi diýip, YNe habar saýty 24-nji sentýabrda habar berdi.

Has ir Netanýahu ýokarlanýan COVID-19 wakalarynyň arasynda ýurtda dowam edýän çäklendirmeleriň 25-nji sentýabrdan başlap, iki hepdeligine “doly petikleme” görnüşinde berkidiljekdigini aýtdy. Ysraýyl 18-nji sentýabrda petiklemeleri yza getirdi, ýöne soňky wagtlarda gündelik waka sanlary tas 7,000-e ýetdi.

Fransiýa koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin 23-nji sentýabrda barlaryň we türgenleşik zallarynyň işine täsir edýän täze berk çäklendirmeleri girizdi.

Waşingtonda, ýokanç keselleri boýunça Birleşen Ştatlaryň iň ýokary lukmany Entoni Fauçi (Anthony Fauci) ýylyň ahyryna çenli ýa-da öňümizdäki ýylyň başlaryna çenli täsirli we howpsuz sanjymy işläp taýýarlamak babatynda umyt bar diýdi.

Fauçi “Johnson & Johnson” öz sanjymynyň kliniki barlagynyň üçünji tapgyra girendigini yglan etmeginden soň çykyş etdi. Bu sanjymyň irki tapgyrlary oňyn netije berdi.

XS
SM
MD
LG