Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Berdimuhamedow bahasy aýdylmaýan täze desgalary açyp, koronawirusdan goranmagyň 'aňsat usulyny' öwretdi


G.Berdimuhamedow sport enjamlaryny synag edýär. Aşgabat, 1-nji sentýabr, 2020.

Prezidentiň sözlerine görä, "Adamyň immun ulgamynyň iň oňat öňüni alyş we taplanyş çäresi dogry, sagdyn durmuş ýörelgesi" we "fiziki işjeňligiň we kalbyň oňyn ruhy galkynyşyndaky ýagdaýynyň sazlaşykly utgaşmasy" bolup, şonda oňa "kesel degmez".

Türkmenistanyň prezidenti ýurtda dowam edýän azyk gytçylygynyň we beýleki durmuş kynçylyklarynyň fonunda gymmatbaha binalary açmagyny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, keselden goranmagyň syrlaryny öwretmegini dowam etdirýär.

TDH 1-nji sentýabrda Gurbanguly Berdimuhamedowyň futbol pökgüsini ussatlyk bilen urup, woleýbolçylara pökgi geçirip, ýene bir gezek özüniň sport başarnygyny görkezendigini habar berdi.

Prezident öz sport başarnyklaryny Türkmenistanyň "Challenger 870" uçarynyň Germaniýada birnäçe gezek görlüp, soň Türkmenbaşy şäherine nemes doktorlaryny getirendigi barada çykan we bir topar sorag döreden maglumatlaryň yz ýanyndan, Aşgabatda sport ulgamynyň täze desgalarynyň açylyşyna gatnaşanda görkezdi.

Şeýle-de Berdimuhamedow "ýokanç keseller, şol sanda koronawirus bilen kesellemegiň sebäplerini" düşündirdi, bu keseliň nädeniňde "degmejekdigini" aýtdy.

Döwlet TW-si prezidentiň tennis oýnamaga hem ökdedigini, "sportuň bu görnüşine hem ajaýyp erk edýändigini" belläp, onuň tälimçä talyplar bilen okuw geçilende nämelere üns berilmelidigi maslahat berendigini, trenažýorda käbir maşklary, şol sanda westibulýar synalary türgenleşdirmek üçin niýetlenen maşklary ýerine ýetirendigini habar berdi.

Bilimler we talyp ýaşlar gününe gabat guralan dabaranyň çäginde, döwlet baştutanynyň gatnaşmagynda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň edara jaýynyň hem-de Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň açylyşy boldy.

Berdimuhamedow gurulýan desgalary "ilat arasynda sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek ugrunda edilýän tagallanyň" bir bölegi hökmünde düşündirýär.

"Bu desgalar "...türgenlerimiziň talabalaýyk okuw-türgenleşik geçmegine, abraýly halkara sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolmagyna... giň mümkinçilikleri döredýär" diýip, ýekeje-de olimpiýa medaly bolmadyk ýurduň baştutany dabarada eden çykyşynda aýtdy.

Ýerli synçylar Türkmenistanyň olimpýa medalyny alyp bilmezliginiň sebäbini ýurtdaky "ikiýüzli" syýasat bilen düşündirýärler.

"Raýatlaryň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmegi üçin ozaly kaşaň we gymmatbaha, içi gymmat bahaly daşary ýurt enjamlaryndan doldurylan, gapysy gulply saklanýan desgalar däl-de, kadaly iş, okuw şertleri gerek, ýurduň ilatynyň ýarysyndan gowragy açlyk şertlerinde ýaşaýar" diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran 45 ýaşly sport tälimçisi Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Emma Berdimuhamedow ýurtda azyk bolçulygynyň döredilendigini tassyklaýar we, TDH-nyň anyklaşdyrmazdan habar bermegine görä, "alym-lukman hökmünde ýokanç keseller, şol sanda koronawirus bilen kesellemegiň sebäplerini we ýollaryny, onuň barşynyň hemme tapgyrlaryny, töwekgelçiliklerini" açyp berýär.

Onuň sözlerine görä, "Adamyň immun ulgamynyň iň oňat öňüni alyş we taplanyş çäresi dogry, sagdyn durmuş ýörelgesi" we "fiziki işjeňligiň we kalbyň oňyn ruhy galkynyşyndaky ýagdaýynyň sazlaşykly utgaşmasy" bolup durýar.

"Şonda kesel degmez" diýip, Berdimuhamedow türkmenistanlylary "bu ýönekeý, emma möhüm ýörelgelere eýermäge" çagyrdy.

Resmi habarda sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga köp mukdarda maýa goýumynyň gönükdirilýändigi, ulanylmaga berilýän täze okuw-edara toplumynyň “Ajaýyp gurlyşyk” hususy kärhanasy tarapyndan gurlandygy aýdylsa-da, täze binalaryň gurluşygyna näçe döwlet serişdesiniň harçlanandygy anyklaşdyrylmaýar.

Türkmenistan 2017-nji ýylyň sentýabrynda geçirilen halkara sport bäsleşikleriniň öňünden Olimpiada şäherçesini, täze sport desgalaryny we täze uçar menzilini gurmak üçin milliardlarça dollar harçlady we türkmen hökümetiniň tankytçylary ýurtda döwlet tabşyryklary astynda amala aşyrylýan taslamalaryň arkasynda ullakan korrupsiýa kerebiniň gizlenýändigini öňe sürýärler.

Emma muňa garamazdan, hökümet şertnamalaryň tenderleri, gurluşyklaryň amala aşyrylyşy boýunça islendik hukuk döwletinde kada bolan aýdyňlyk talaplaryny ýerine ýetirmeýär diýip, synçylar belleýär.

Türkmenistanda soňky onýyllykda gymmatbaha sport binalaryndan başga, onlarça ministrlik, pudak edaralary üçin edara jaýlary we myhmanhanalar, maslahat merkezleri... açyldy.

Azatlygyň hökümetdäki çeşmesiniň aýtmagyna görä, ol jaýlar köplenç boş durýar, ministrlikleriň jaýlary aşa uludan gurulýar we soň ýapylan ýa birikdirilen guramalaryň jaýlaryny saklamak döwlet gaznasy üçin artykmaç çykdajy-harajada öwrülýär, bir topar bina gümürtik ýagdaýda deger-degmezine hususyýetçilige geçirilýär.

Türkmenistanda Saparmyrat Nyýazow döwründe döwlet serişdeleriniň hasabyna gurlan binalaryň, şol sanda "şa mülkleri" diýilýänleriň hem bir topary şeýle gümürtiklige sezewar boldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

XS
SM
MD
LG