Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeşme: Türk diplomaty Kemal Uçkun türkmen häkimiýetleriniň ýurda goýbermedik tiz kömek uçaryna garaşyp, aradan çykdy


Aşgabatdaky türk ilçihanasynyň din eşleri boýunça geňeşçisi Kemal Uçkun 7-nji iýulda Aşgabatda aradan çykdy.
Aşgabatdaky türk ilçihanasynyň din eşleri boýunça geňeşçisi Kemal Uçkun 7-nji iýulda Aşgabatda aradan çykdy.

7-nji iýulda Aşgabat keselhanasynda aradan çykan türk diplomaty Kemal Uçkun, türkmen häkimiýetleriniň aýdyşy ýaly pnewmoniýanyň däl-de, koronawirusyň pidasy bolan çemeli. Mundan başga-da, Azatlygyň ýagdaýdan habarly çeşmesi 57 ýaşly diplomatyň özüniň ewakuasiýa edilmegini sorap, türk häkimiýetlerine ýüz tutandygyny, ýöne resmi Aşgabadyň türk tiz kömek uçaryny kabul etmekden ýüz öwürmegi sebäpli, munuň başa barmandygyny aýdýar. Türkmen häkimiýetleri “ýurtdaky koronawirus bilen bagly ýagdaýy gizlemek üçin, ol ölýänçä garaşdylar we uçary ýurda goýbermediler” diýip, çeşme aýdýar. Kemal Uçkun 11 günläp Aşgabadyň kardiologiýa keselhanasynda ýatan döwründe özüniň rentgen suratyny Türkiýä iberip bildi. Rentgen barlagynyň netijelerini öwrenen türk lukmanlary oňa 90 – 99 prosent ähtimallyk bilen COVID-19 diagnozyny goýupdyr.

Ýatladyp geçsek, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň dini meseleler boýunça 57 ýaşly geňeşçisiniň ölümi 8-nji iýulda mälim boldy. Uçkunyň soňky günlerinden habarly çeşmäniň sözlerine görä, ol 7-nji iýul güni Aşgabat wagty bilen agşam sagat 9 töwereklerinde aradan çykdy. Diplomat ýokary beden gyzgynlygy we agyr üsgülewük bilen Aşgabadyň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezine 27-nji iýunda ýerleşdirildi. Ol ýerde lukmanlar oňa pnewmoniýa diagnozyny goýdular. Soňy bilen, türkmen tarapy Uçkunyň ýürek ýetmezçiliginden aradan çykandygyny aýtdy.

COVID-19 ähtimallygy 90 prosentden gowrakdy

Ýöne çeşmäniň aýtmagyna görä, Uçkunyň ölüm sebäbiniň koronawirus bolmagy gaty ahmal. Çeşme öz şahsyýetini aýan etmekden ýüz öwürdi.

Onuň sözlerine görä, Uçkun Aşgabadyň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezine gyzgyny galyp, üsgülewügiň başlamagyndan iki gün soň, 27-nji iýunda ýüz tutdy. Lukmanlar ony pnewmoniýa diagnozy bilen derrew hassahana ýerleşdirdiler. Diplomat Aşgabadyň klinikasyndan diri çykmady.

Türkmen lukmanlary türk diplomatyny antibiotik bilen bejerip başlaýar diýip, çeşme aýdýar. Ýöne onuň ýagdaýy erbetleşýär we ol özüniň rentgene düşürilmegini talap edýär hem-de öýken suratlaryny Türkiýede birnäçe lukmana, şol sanda Türkiýäniň COVID-19-a garşy göreşmek boýunça ylmy geňeşiniň agzalaryna iberýär. Azatlygyň gürrüňdeşiniň sözlerine görä, ähli lukmanlar biragyzdan Kemal Uçkunda 90-99 prosent ähtimallykda COVID-19 bar diýen netijä gelipdirler. Olar oňa wirusa garşy zerur bejergi üçin dessine watana dolanmagy maslahat beripdirler.

Şondan soň, hassahana ýerleşdirilmeginiň ýedinji güni, ol özüniň ewakuasiýa edilmegini sorap, türk häkimiýetlerine-de ýüz tutýar.

Ölýänçä garaşdylar

Bu aralykda, Uçkun özüniň ewakuasiýa edilmeginiň guramaçylygy üçin Türkiýe häkimiýetlerine ýüz tutmaga dowam edýär. Çeşmäniň aýtmagyna görä, Türkiýe hökümeti derrew ewakuasiýa işlerine başlaýar we Türkmenistanyň hökümetinden tiz kömek uçarynyň ýurda gelmegine rugsat soraýar. Ýöne çeşmäniň sözlerine görä, türkmen tarapy türk tiz kömek uçarynyň gelmegini ret edýär.

Azatlygyň “Kemal Uçkuny Aşgabatdan çykarmak üçin türk tarapy ähli tagallany etdimi?” diýen soragyna çeşme: “Türkmenistan onuň çykarylmagyna rugsat bermedi, sebäbi öz çäginde COVID-19-yň bardygy barada maglumatyň syzmagyny islemedi, Türkiýe hökümeti bolsa ýeterlik syýasy basyş görkezmedi” diýdi.

Uçkuny ewakuasiýa etmek baradaky gepleşiklerden habarly çeşme türk tarapynyň tiz kömek uçaryny ibermek barada soran rugsadyny ret edip, türkmen häkimiýetleriniň “ýurtdaky koronawirus bilen bagly ýagdaýlary gizlemek üçin onuň ölümine garaşandyklaryny we uçary ýurda goýbermändiklerini” nygtady.

Uçkun Aşgabadyň Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezi bolan hassahanada 7-nji iýul güni ýerli wagt bilen agşam sagat 9 töwereklerinde aradan çykdy. Türkmen tarapynyň lukmanlary pnewmoniýanyň fonunda Uçkunyň ýürek ýetmezçiliginden aradan çykandygyny aýtdylar.

Türk tiz kömek uçaryna Kemal Uçkunyň ölüminden iki gije-gündizden gowrak wagt soň, 9-njy iýul gijesi uçmaga rugsat berildi. Merhumyň jesedi onuň Türkiýäniň günortasyndaky dogduk şäheri Denizlä äkidildi we 12-nji iýulda jaýlandy.
Türk tiz kömek uçaryna Kemal Uçkunyň ölüminden iki gije-gündizden gowrak wagt soň, 9-njy iýul gijesi uçmaga rugsat berildi. Merhumyň jesedi onuň Türkiýäniň günortasyndaky dogduk şäheri Denizlä äkidildi we 12-nji iýulda jaýlandy.

Türk tiz kömek uçaryna Kemal Uçkunyň ölüminden iki gije-gündizden gowrak wagt soň, 9-njy iýul gijesi uçmaga rugsat berildi. Merhumyň jesedi onuň Türkiýäniň günortasyndaky dogduk şäheri Denizlä äkidildi we 12-nji iýulda jaýlandy.

Azatlyk çeşmäniň aýdýanlary boýunça kommentariýa haýyş edip, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasyna we Türkiýäniň Daşary işler ministrligine ýüz tutdy. Ýöne Kemal Uçkunyň 2018-nji ýyldan bäri işläp gelen Aşgabatdaky türk ilçihanasynda, biziň soragymyzyň öňki işgäriň ölümi bilen baglydygyny eşidip, dessine telefony taşladylar. Ilçihana bilen habarlaşmak boýunça gaýta-gaýta edilen soňky synanyşyklar şowsuz boldy. Türkiýäniň Daşary işler ministrliginde bolsa Azatlygyň korrespondentiniň soraglaryna jogap berip biljek ýekeje-de resmi bilen telefony baglap bilmediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşmak synanyşygymyz hem, elmydama bolşy ýaly, netije bermedi.

Azatlygyň korrespondenti bu maglumatlary öňe süren adam bilen 15-nji iýulda, Bütindünýä saglyk guramasynyň COVID-19 missiýasynyň Türkmenistan saparyny tamamlan güni gürleşdi. Missiýanyň başlygy Ketrin Smollwud 15-nji iýulda geçirilen metbugat ýygnagynda “häzirki wagtda Türkmenistanda tassyklanan COVID-19 wakalarynyň ýokdugyny” aýtdy, ýöne Türkmenistanyň “ýurtda koronawirus bar ýaly hereket etmelidigini” belledi.

Şeýle-de ol, BSG hünärmenleriniň ýurtda “gelip çykyşy näbelli pnewmoniýanyň ýa-da ýiti respirator keselleriniň köpelendigi barada çykýan habarlardan aladalanýandyklaryny” aýtdy. Ýöne brifinge gatnaşan Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň wekili Gurbangül Öwlýäkulowa çürt-kesik “ýurtda gelip çykyşy näbelli pnewmoniýanyň ýokdugyny” aýtdy.

Şu güne çenli ýurtda koronawirusyň ýokdugyny öňe sürüp gelýän Türkmenistan häkimiýetleri BSG-niň missiýasyna olaryň Türkmenistana we Täjigistana sapar etmek niýetini mälim etmeginden 2,5 aýdan gowrak wagt soň ýurda girmegine rugsat berdi. BSG COVID-19 missiýasynyň iki Merkezi Aziýa ýurduna etjek saparyny 23-nji aprelde yglan etdi, şondan bir hepdeden gowrak wagt soň, BSG missiýasy Täjigistana bardy, ýöne Türkmenistana sapar etmek üçin 2,5 aý gerek boldy.

Bu wagtyň dowamynda, Azatlygyň korrespondentleriniň habar bermegine görä, Türkmenistanda häkimiýetler koronawirus barlagy oňyn netije görkezen näsaglary BSG bilermenleriniň sapar etmeli saglyk edaralaryndan başga ýerlere göçürdi. Meselem, Azatlygyň çeşmeleri BSG missiýasynyň gelmeginiň edil öň ýany, 3-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Reşit Meredowyň Türkmenabat şäherine baryp, ýerli ýokanç keselleri hassahanasynyň taýýarlygyna onuň hut özüniň gözegçilik edendigini, ol ýerden ozal ähli COVID-19 näsaglarynyň çykarylandygyny habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň korrespondentleri Türkmenistanda pnewmoniýadan köp adamyň ölýändigini we ölenleriň jesetleriniň galyň plastiki gaplarda jaýlanýandygyny habar berýärler, türkmen resmileri pnewmoniýanyň we koronawirusyň ýurtda bardygyny inkär etmäge dowam edýärler. Emma BSG missiýasynyň sapary wagtynda häkimiýetler tutuş ýurt boýunça hökmany maska düzgünini girizdiler, olar muny koronawirusyň öňüni alyş çäreleri bilen däl-de, howadaky ýokary tozan bölejikleri bilen düşündirdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG