Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarusda Lukaşenka garşy protestler dowam edýär, tussag etmeler habar berilýär


Protestçiler. Belarus. Minsk, 26-njy sentýabr, 2020

Belarusda bir aýdan gowrak ozal geçirilen prezident saýlawynda ýeňiş gazanan Aleksandr Lukaşenka garşy protestler dowam edýär.

Ellerine gül çemenlerini alan aýallaryň köpüsi 26-njy sentýabrda Minsk şäheriniň merkezine ýygnanyp, paýtagtyň merkezinde guralmakçy bolnan aýallar ýörişine gatnaşmakçy boldy.

Azatlyk radiosynyň Belarus gullugy pitnä garşy polisiýanyň gyssagly ýagdaýda herekete geçip, azyndan 10 aýaly tussag edendigini habar berdi.

Polisiýa tarapyndan saklananlaryň arasynda Lukaşenka garşy protestlere yzygiderli gatnaşýan ejiz, ýöne tutanýerli, 73 ýaşly Nina Bahinskaýa hem bar.

Merkezi metro stansiýasynyň golaýynda bir topar aýal pitnä garşy polisiýanyň agzalaryna ýüzlenip, "Biz saaňa näme etdik?" diýip gygyrdy.

Belarusyň beýleki ýerlerinde, şol sanda Hrodnada hem protest ýygnanyşyklary geçirildi.

XS
SM
MD
LG