Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Jedelli Daglyk-Garabagyň üstünde ikinji gün agyr söweş barýar


Daglyk-Garabagda söweş barýar
Daglyk-Garabagda söweş barýar

Ermenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda jedelli Daglyk-Garabag regionynyň üstündäki güýçli söweşler halkara derejesinde edilýän saklanmak çagyryşlaryna garamazdan 28-nji sentýabrda ýene etdirildi.

Ýerewan gijäniň dowamynda söweş edendigini habar berdi.

Bakuw bolsa ermeni güýçleriniň Terter şäherine hüjüm edýändigini aýtdy.

Azerbaýjanyň içindäki ermeni separatist anklawy bolan Daglyk-Garabagyň häkimiýetleri 28-nji sentýabrda azerbaýjan güýçleri bilen bolan çaknyşykda jemi 32 söweşijiniň öldürilendigini habar berdiler.

Ermenistanyň Goranmak ministrligi beren beýanatynda "güýçli söweş bir gije dowam etdi" diýdi.

Azerbaýjanyň Goranmak ministrligi 28-nji sentýabrda beren beýanatynda "Ermenistanyň ýaragly güýçleriniň Daglyk-Garabag bilen ýanaşyk ýerleşýän Tartar şäherini oka tutýandygyny" aýtdy.

Durnuksyz Günorta Kawkaz regionyndaky häzirki dartgynlylyk soňky dört günüň dowamynda güýçlenip, 27-nji sentýabrda ýaragly çaknyşyga geçdi. Taraplaryň ikisi-de söweşde dikuçarlary, pilotsyz uçarlary, tanklary we artilleriýany ulandylar.

XS
SM
MD
LG