Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany bir milliona golaýlaýar


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Dünýäde COVID-19-dan ölenleriň sany bir milliona ýetdi. Geçen ýylyň ahyrynda Hytaýda dörän wirus dünýäde 33 million adam ýokaşdy we ýurtlary sosial, ykdysady we syýasy ulgamlaryna çäklendirmeleri girizmäge mejbur etdi.

Aladaly dinamika, Ispaniýada, Fransiýada we Angliýada dowam etdi we gündelik görkezijiler rekord derejesine ýetdi ýa-da şoňa ýakynlaşdy. Saglyk bilermenleri ýakyn birnäçe aýyň içinde ýagdaýyň hasam erbetleşjekdigini çaklaýarlar.

"Ikinji tolkun, pikir edişimizden has ir geler" -diýip, Fransiýanyň Milli lukmanlar assosiasiýasynyň başlygy Patrik Bouet Fransiýanyň hepdelik "Journal du Dimanche" neşrine aýtdy.

Ýewropa ýurtlarynyň birnäçesi çäklendiriji çäreleri täzeden girizýärler. Ispaniýanyň paýtagtynyň iň agyr ýagdaýly ýerlerinde berk çäklendirmeler girizilýär, Fransiýanyň dürli künjeklerinde restoranlaryň we barlaryň işleýän wagty azaldylýar, saglyk protokollary täzelenýär.

Orsýetde bir günde 7 523 COVID-19 keselli adam hasaba alyndy. Şeýle statistika soňky gezek 22-nji iýunda bolupdy. Ýurtda ýokanç keselleriň umumy sany 1 143 571 adama ýetdi, ýokaşanlaryň sany boýunça Orsýet dünýäde dördünji orunda durýar. Şol bir wagtyň özünde ýurtda 20 müň töweregi ölüm hasaba alyndy, bu ölenleriň sanyny sanamagyň takyklygy barada sorag döretdi.

Eýranyň prezidenti Hasan Rohani, zerur bolsa ýokançlygyň çalt ösmeginiň öňüni almak üçin berk izolýasiýa düzgünini girizmegi tabşyrdy.

XS
SM
MD
LG