Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Farap: Garaşsyzlyk baýramynyň öňýany öňki tussaglar wagtlaýyn tussag edildi


Illýustrasiýa suraty.

Garaşsyzlyk baýramynyň öňýany, Farap etrabynyň polisiýa edarasy geçen ýyllaryň günä geçişliginde türmelerden boşadylan öňki tussaglary hem-de beýleki käbir adamlary wagtlaýyn tussag etdi. Baýramçylyk raýatlaryň arasynda lapykeç geçdi. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy habar berýär.

Türkmenistan 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk gününi belledi.

“Geçen anna we şenbe günleri Farabyň etrap polisiýasy 200-e golaý öňki bendini 5-7 gije-gündiz wagtlaýyn tussag etdi” diýip, habarçy habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, wagtlaýyn tussag edilen öňki tussaglar bilen bir hatarda narkologiýanyň hasabynda duran adamlar, alkogolik hasaplanýan adamlar ýa-da üýşüp oturan raýatlar bir hepdeligine düzediş işlerine çekildi, wagtlaýyn tussag edildi.

“Esasy maksat – baýramçylykda olaryň arak içip, köçede gezmekleriniň öňüni almak” diýip, bir uçastok polisiýasy özlerine berlen tabşyryk barada anonim şertde Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ýöne ýurt boýunça yglan edilýän günä geçişlerde türmelerden boşadylan öňki tussaglar baýramçylyk gabatlary häkimiýetler tarapyndan özlerine berk çemeleşilmeginden nägile bolýar.

“Türmeden boşan raýatlaryň tas 90 prosentiniň hiç kime azary ýetmese-de, mundan 10 ýyl öň jenaýat edip, olaryň günäsi geçilen hem bolsa, olary polisiýa oba ilatynyň öňünde ‘gara donly’ hökmünde kemsidýär” diýip, günä geçişlikde azatlyga çykan 50 ýaşly öňki tussag Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Ol “kemsitmelerden” we “öz hukuklarynyň depelenmeginden” şikaýat edýär, türmeden boşamagyň özüne erkinlik we azatlyk bermändigini, maşgalasynyň hem “gara donlynyň maşgalasy” hasaplanýandygyny, olaryň býujet edaralaryna işe ýerleşmek hukugynyň ýokdugyny aýdýar.

Türkmenistanda baýramçylyk mynasybetli ýylyň dowamynda birnäçe gezek günä geçiş yglan edilýär. Soňky günä geçişlik Garaşsyzlyk baýramynyň 29 ýyllygy mynasybetli 24-nji sentýabrda yglan edildi we onda 800-den gowrak bendiniň günäsi geçildi.

Döwlet eýeçiligindäki media, öňki ýyllarda bolşy ýaly, döwlet baştutanynyň welaýat, etrap häkimlerine, beýleki pudak ýolbaşçylaryna günäsi geçilen adamlaryň iş bilen üpjün edilmegine kömek etmegi tabşyrandygyny nygtady.

Emma öňki bendileriň sözlerine görä, olar iňňän seýrek ýagdaýda işe ýerleşmegi başarýarlar, tersine öňki tussaglar polisiýanyň gözegçiliginde saklanýarlar we dürli kemsitmelere sezewar edilýär.

“Her baýramçylykda yzarlanmalar, sorag etmeler, hatda etrapda kiçi jenaýat bolsa-da ilki türmede bolup gelenleriň sorag edilip, kemsidilmegi olara agyr ruhy zarba bolýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy günäsi geçilenleriň türmeden soňky durmuşy barada gürrüň berdi.

Döwlet baştutany her günä geçişlikde öňki tussaglaryň iş üpjünçiligi barada tabşyryk berse-de, türkmen hökümeti ozalky tussaglaryň işe ýerleşdirilişi, olaryň näçesiniň soň işsizlik zerarly gaýtadan jenaýata baş goşýandygy barada maglumat bermeýär. Türkmenistanda yglan edilýän günä geçişlerde türmeden çykýan bendileriň atlary hem köpçülige mälim edilmeýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Lebapda Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilişi bilen gyzyklandy:

“Raýatlar lapykeç. Adamlarda baýram hakda gyzyklanma ýok. Şu günüň Garaşsyzlyk günüdigini bilmeýänler hem köp” diýip, habarçy aýtdy.

Türkmenistanda 2017-nji ýylda, ondan ozal her ýylyň 27-nji oktýabr güni bellenilýän Garaşsyzlyk güni, duýdansyz ýagdaýda 27-nji sentýabra geçirildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan lebaply ýaşaýjylaryň käbiri garaşsyzlygyň özlerine beren "eşretinden we erkinliginden" şikaýat etdi.

“Işsizlik. Daşary döwletlere iş gözläp gitmekden, kösençliklerden başga raýatlara beren zady ýok” diýip, bir ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

“Halky bir döwüm çörege zar etdiler” diýip, ol döwlet emeldarlaryna nägilelik beýan etdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin indirip bilersiňiz.
Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG