Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Öňki owgan tussagy: "Türkmen türmelerinde mundan 40-50 ýyl öňki eti gaýnadyp berýärler"


Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen öňki owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.
Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen öňki owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.

Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli köpçülikleýin günä geçiş çäresi yglan edildi. Nobatdaky türme tussaglygyndan boşadylan 1192 adamyň arasynda 210 daşary ýurtly tussaglar bar. Olardan 126 adam Owganystanyň raýatydyr. Şolardan 58 tussag duşenbe güni Akina serhet geçelgesi arkaly owgan resmilerine tabşyryldy. Beýleki tussaglar bolsa Togundi benderinden Owganystana iberildi. Akina serhet geçelgesinde azatlyga çykanlary Jöwüzjan welaýatynyň häkiminiň orunbasary Abdul Kader Malia kabul etdi.

Türmeden boşadylanlaryň arasynda owgan türkmenlerinden hem ençeme adam bar. Olardan biri Balh welaýatynyň Şordepe etrabynyň ýaşaýjysy Haýytmyrat Azatlyk Radiosynyň ýerli habarçysy bilen gürrüňdeş boldy.

Haýytmyrat 12,5 ýyla golaý Türkmenistanyň türmelerinde oturyp çykdy. Ol neşe gaçakçylygynda günälenip tussag edilipdir. Tussaglyk möhletiniň köp bölegini Lebap welaýatyndaky Şagal türmesinde geçiripdir.

Ol başdan geçiren türme tussaglygy barada şeýle gürrüň berýär.

– Maňa Haýytmyrat diýýärler. On iki ýarym ýyl oturdym. Biz Şagaldaky türmeden gaýtdyk. Bizi narkotiki gaçakçylygy bilen aýypladylar, ýöne adam satýanlar itergi etdiler, aldap tutdurdylar.

Jübisinde puly bolmadyklar üçin, türme şertleriniň örän agydygyny bildirip, Haýytmyrat şeýle gürrüň berýär.

– Kynçylykly ýerleri bar, özüňde zat bolmasa, garyp bolsaň kyn. Yzyňdan gelip dursalar, kömek etseler, özüň hemme zady alyp, iýip bilýäň. Türmäniň içide öz dükany bar. Onda näme diýseň satyp durlar, pomidor, ýag, bürünç -tüwi bar, puluň bolsa. Eger puluň bolmasa kyn, bir adamyň hyzmatyny etmeli, eşigini ýuwmaly, jaý süpürmeli. Şonuň üçin şeýdip gününi görüp ýörenlerem kän.

"Türkmen türmesinde 12,5 ýyl oturdym"
please wait

No media source currently available

0:00 0:04:26 0:00

Haýytmyrat türme şertlerinde öz durmuşyny gowulandyrmak üçin, ownuk söwda-satyk bilen meşgul bolupdyr.

– Men türmede çilim satdym. Hawa, kefir satdym, suw satdym, dükandan alyp, getirip oturanlara satýardym. Şeýdip günümi görýärdim. Türmäniň öz başlygy bar, şol öz içimizde alyp-satyp durmaga bize rugsat berdi.

Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen öňki owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.
Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen öňki owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.

Tussag edilende, Haýytmyrat kämillik ýaşyna ýetmedik eken. Şonuň üçin ol ilki Baýramalydaky çagalar koloniýasynda saklanypdyr, soňra etap bilen Şagaldaky türmä ugradylypdyr.

– Tutulan wagtyňda aýdylan günäni boýnuňa almasaň bolmaýar, boýnuňa almasaň urýarlar. Ilkinji men kämillik ýaşym ýetmän, bir ýarym ýyl çagalar bolýan ýerde boldum, Baýramaly diýip bir ýerde. Ýaşym kämillige ýetensoň, uly adamlaryň içine bardym. Baýramalydan bizi Şagala iberdiler.

Ol Şagaldaky türmede gynamalara duçar edilýändigini boýun alýar. Türmede berilýän azyk iýmitiň hiliniň iýip bolar ýaly däldigini hem ol ýatlap geçýär.

– Şagalda iki ýyllap bizi gynadylar. Urmaýar, sögünmeýärem, ýöne seniň ýagdaýyňdan habar alýan ýok. Berýän iýmiti-de, şol öz içinde berýän zadyny iýýäň. Ony-da bir gezek iýseň, garynagyry bolup ýöreýäň. Nahary iki-üç gezek berýärler, ýöne bir gezek iýseň ýeterlik, galanyny iýip bilmeýäň. Berýänem bir kartoşka, nahara atylan zatlar çüýräp ýatyr, ýarysy gap-gara, şugundyr, olam akyp ýatyr, onsoň kelem diýip bir zat bar, ony naharyň içine dograýarlar, üstünden käşirem dograýarlar, baryny toplap gaýnadyp-gaýnadyp berýärler. Bir et bar, onuň ýüzünde 40 ýyl, 50 ýyl öň çykan diýlip ýazylyp goýlupdyr. Şeýle köne et, ony nireden tapýarlar?! Şolary toplap gaýnadýarlar. Soň her kime bir susak berýärler.

Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen öňki owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.
Türkmenistandan Owganystana gaýdyp gelen öňki owgan tussaglary. 18-nji maý, 2020 ý.

Köne et porsy däl, ol ýahdanda goýlan, demir ýaly gaty, ýöne hiç tagam ýok, edil esgi ýaly. Hiç işdäň almaýar, mejbury iýseň, onam 24 sagadyň içinde bir gezek iýseň, soň iýip bilmeýäň, köp iýseň içiň agyrýar. Ýöne günde bir gezek iýmeseňem bolanok, şonuň üçin agşamyna iýýäň. Ertir bilen günortanyna iýer ýaly däl.

Haýytmyradyň aýtmagyna görä, türmede türkmenistanly tussaglar bilen daşary ýurtly tussaglar aýry-aýry ýerde saklanýarlar.

– Syýasy tussaglar asla başga ýerde saklanýar. Beýleki türmäniň içinde narkotik, adam öldüren, urşanlar, ogurlyk, döwletiň hakyny iýenler saklanýar. Bizi bolsa türkmenler bilen bir ýerde goýmaýarlar, aýra goýýarlar.

Owganystanly tussaglaryň yzyndan ýeke hossaryň hem sorap barmaýandygyny Haýytmyrat aýratyn belleýär. Ýöne kä wagt Owganystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işgärleri baryp, tussaglaryň halyndan habar alypdyr.

– Owganlynyň yzyndan baran adam ýok, owganystanlylaryň yzyndan diňe ilçi barýar. Wiza berilmeýärmi ýa adamlaryň özi barmaýarmy, garaz, hiç kimiň yzyndan barýan ýok. Ýogsa ýagdaýy gowy-gowy adamlar kän.

Owganystanyň Balh welaýatynyň Şordepe etrabynyň ýaşaýjysy bolan Haýytmyrat Gadyr gijesi mynasybetli azatlyga çykaryldy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG