Saýlaw kampaniýasy sesleriň satyn alynýandygy baradaky aýyplamalara ünsi çekeninden soň, Moskwanyň Merkezi Aziýadaky iň ýakyn ýaranyna nähili täsir edýändigi barada dörän agzalalyk arasynda, gyrgyz saýlawçylary 4-nji oktýabrda geçirilýän parlament saýlawlarynda ses berýärler
Saýlawda 120 agzaly Ýokarky geňeşdäki orunlar üçin 16 syýasy partiýa bäsleşýär, hökümete tarapdar partiýalar “Birimdik” we “Mekenim Gyrgyzystan” oppozisiýadaky “Ata-Meken” we “Respublika” toparlaryndan öňe saýlanar öýdülýär.
Gyrgyzystanyň saýlaw kanunlarynda hiç bir partiýanyň kanun çykaryjy organda 65-den gowrak orny alyp bilmejekdigi aýdylýar, bu dolandyryjy partiýalaryň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky jübi parlamenti diýilýänlerde agdyklyk etmeginiň öňüni almak üçin görlen çäre bolup durýar.
Gyrgyzystan 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri Merkezi Aziýadaky “demokratiýa adasy” hökmünde häsiýetlendirilýär.
Emma muňa garamazdan, ýurduň ähli saýlaw kampaniýalaryndan görnüşi ýaly, bu ýurduň öz gapma-garşylyklary hem ýeterlik.
Ýöne bu ýagdaý Gyrgyzystandaky saýlawlaryň awtoritar, demokratik däl goňşular bilen deňeşdirilende, ýurduň näderejede tapawutlydygyny ýene bir gezek görkezdi.
Hökümete tarapdar we oppozisiýa kandidatlarynyň gatnaşmagynda guralan çekişmelerde prezident Sooronbaý Jeenbekowyň we Gyrgyzystanyň hökümetiniň garşysyna aýdylýan tankydy bellikleri ýurduň esasy telekanallarynda her gije diýen ýaly eşitmek bolýar.