Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň prezidenti, Merkezi saýlaw komissiýasynyň düzümini üýtgetdi


2018-nji ýylyň parlament saýlawlaryndaky ses berişlik, Aşgabat, 25-nji mart, 2018
2018-nji ýylyň parlament saýlawlaryndaky ses berişlik, Aşgabat, 25-nji mart, 2018

Türkmenistanyň prezidenti, Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi komissiýanyň düzümini üýtgetdi.

Resmi maglumata görä, 3-nji oktýabrda gol çekilen karar Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyk gelýär.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň gysgaça maglumatynda Merkezi komissiýasynyň "düzümine girizilen üýtgeşiklikler bilen baglylykda" onuň "düzüminiň belli bir derejede üýtgedilendigi" aýdylýar. Mundan başga maglumat we düşündiriş berilmeýär.

25-nji sentýabrda geçirlen Halk Maslahatynda ýurduň baş kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek makullandy. Ýurduň parlamenti kanuny dessine kabul etdi, prezident gol çekdi. Täze üýtgetmelere görä, Türkmenistanyň parlamenti iki palataly ulgama geçýär.

XS
SM
MD
LG