Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa, Fransiýa we ABŞ Daglyk-Garabagda ýaraşyk çagyryşlaryny gaýtalaýar


Azerbaýjan-Ermenistan söweşleri möwjeýän wagty partlamalar şäherleri sarsdyrýar.
Azerbaýjan-Ermenistan söweşleri möwjeýän wagty partlamalar şäherleri sarsdyrýar.

Russiýa, Fransiýa we Birleşen Ştatlary çaknyşygy möwjetmegiň sebit durnuklylygyna “kabul ederliksiz howp abandyrýandygyny” aýdyp, Daglyk-Garabagyň içinde we töwereginde ot açyşlygy bes etmek çagyryşlaryny gaýtalady.

Asuda ilatyň howpsuzlygy barada artýan aladalaryň fonunda Azerbaýjan bilen Ermenistan güýçleriniň arasyndaky söweş, taraplaryň ikisiniň-de iri şäherleri topa tutmagy bilen dowam edýän wagty, 5-nji oktýabrda Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow, Fransiýanyň daşary işler ministri Žan-Iw Le Drian (Jean-Yves Le Drian) hem-de ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo ýaraşyga çagyryp, bilelikde beýanat berdi.

90-njy ýyllaryň başlaryndan bäri Daglyk-Garabagda parahatçylyk tagallalaryna öňbaşçylyk eden Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Minsk topary diýilýänine egindeş başlyklyk edýän ýurtlaryň daşary işler ministrleri Lawrow, Le Drian we Pompeo “zorlugyň ozal görlüp eşidilmedik derejede howply artmagyny iň agyr sözler bilen” ýazgardylar.

Ministrler asuda ilatly merkezleri nyşana alýandygy aýdylýan soňky hüjümleriň “sebit durnuklylygyna kabul ederliksiz wehim salýandygyny” nygtadylar.

Şeýle-de, olar taraplardan ýaraşygy “gyssagly hem-de şertsiz kabul etmegi” we Minsk toparynyň garamagynda “çözgüt işini täzeden başlamagy” talap etdiler.

Çaknyşýan taraplar Russiýanyň, Fransiýanyň hem-de ABŞ-nyň prezidentleriniň 1-nji oktýabrda eden birmeňzeş çagyryşlaryna ähmiýet bermediler.

XS
SM
MD
LG