Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Köpçülikleýin mal ölümleri baradaky habarlaryň fonunda, Aşgabatda ýene arzan et peýda boldy


Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir et dükany.
Illýustrasiýa suraty. Aşgabatda bir et dükany.

Türkmenistanda iri şahly mallaryň näbelli keselden haram ölýändigi barada berilýän habarlaryň fonunda, paýtagt Aşgabadyň bazarlarynda arzan bahadan mal eti peýda boldy. Azatlyk Radiosy mal ölümleri bilen Aşgabatda arzan bahadan mal etiniň peýda bolmagynyň arasynda mümkin bolan arabaglanyşygy garaşsyz tassykladyp bilmedi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy 7-nji oktýabrda paýtagtyň bazarlarynda arzan bahadan mal etiniň satuwa çykarylandygyny, onuň ýany bilen mallaryň bagyr-öýkeniniň goşulyp satylýandygyny habar berdi.

“Şu wagt Aşgabat şäherinde ýerleşýän bazarlarda elýeter bahadan et satylýar. Bir kilogram etiň bahasy 24 manat. Et alyjylara nobat bilen satylýar” diýip, habarçy habar berdi. Şeýle-de, ol etiň ýany bilen mallaryň bagyr we öýkeniniň ete goşulyp satylýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Habarçy anonim şertlerde beren habarynda satuwdaky mal bagyrlarynda we öýkenlerinde “göze görnüp duran kesel alamatlarynyň” bardygyny aýdýar. “Alyjylar zaýalanan öýken we bagyr böleklerini zir-zibil gutularyna atýarlar” diýip, ol aýdýar.

Habarçynyň maglumatlaryna görä, bazarlarda Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň işgärleri “bu nogsanlyklara göz ýumýarlar”.

Habarçy Mary welaýatynda, Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Ak bugdaý etrabynda hem-de Tejen etrabynda şu günler mallaryň köpçülikleýin keselleýändigini we şol sebäpden olaryň köpçülikleýin gyrylýandygyny aýdýar.

“Ahal welaýatynyň Weterinariýa gullugy häzirlikçe keseli anyklamakdan we bejermekden ejiz gelýär” diýip, habarçy aýtdy.

Ol weterinar lukmanlaryň näsag mallara özleriçe dürli sanjym edýändiklerini, ýöne muňa garamazdan mallaryň sanynyň kemelýändigini aýtdy. Bu ýagdaý mal eýeleriniň eden çykdajylaryny we azabyny puja çykarýar.

“Olaryň azaplarynyň ýerine gowuşmaýandygy sebäpli, maldar hojalyklar mallaryny arzan bahadan paýtagtyň bazarlarynda ýerleşýän et dükanlaryna ete tabşyrmaga tijenýärler” diýip, habarçy aýtdy.

Azatlyk Radiosy paýtagtyň bazarlarynda arzan bahadan peýda bolan elýeterli mal eti bilen Mary we Ahal welaýatlarynda mallaryň näbelli keselden köpçülikleýin ölmeginiň arasyndaky mümkin bolan arabaglanyşygy garaşsyz tassykladyp bilmeýär. Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosy Mary hem-de Ahal welaýatlarynyň welaýat häkimliklerinden regionlardaky köpçülikleýin mal ölümleri barada komentariýa alyp bilmeýär.

Mundan ozal, Azatlyk Radiosynyň habarçylary Garaşsyzlyk baýramynyň öňýany Aşgabadyň “Gülüstan” bazarynda 1 kilogramy 24 manatdan dürli görnüşli arzan etleriň satuwa çykarylandygyny 24-nji sentýabrda habar berdi. Şonda habarçy satuwa çykarylan etiň hiliniň pesdigini aýdyp, etiň gapdalyndan bagyr we öýkeniň garylyp berilýändigini, etiň döwlet tarapyndan kesgitlenen bahasyna hem-de ony satyn almak üçin baran adamlaryň nobatyna berk gözegçilik edilýändigini habar berdi.

Ondan bir hepde ozal, 18-nji sentýabrda Azatlygyň beýleki bir habarçysy Aşgabadyň bazarlarynda we hususy söwda nokatlarynda 1 kilogram etiň bahasynyň 80 manada çenli çykandygyny habar berdi.

Etiň bahasynyň sentýabryň ahyrky iki hepdesinde Aşgabatda hususy söwdada birden gymmatlap, onuň döwlet bahasynyň birden arzanlamagy baradaky habarlar, ýurduň dürli regionlarynda iri şahly mallaryň näbelli keselden haram ölýändigi baradaky habarlaryň öňýany berildi.

Sentýabryň ahyrynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy Mary welaýatynda iri şahly hojalyk mallarynyň näbelli kesele ýolugyp, köpçülikleýin ölýändigini habar berdi. Munuň yzýany, oktýabryň başynda mallaryň haram ölmegi bilen bagly ýagdaý boýunça Lebap welaýatyndan hem habarlar gowuşdy.

Aşgabatda peýda bolan arzan et we welaýatlarda mallaryň arasynda ýüze çykan keselçilik baradaky habarlaryň fonunda, adat bolşy ýaly, türkmen resmileri dymýar. Döwlet media serişdeleri mallaryň arasynda dörän keselçilik barada ilata habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG