Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Garaşsyzlyk baýramynyň öňýanynda, Aşgabatda arzan bahadan et satuwa çykaryldy


"Gülüstan" bazarynda ilata satylýan et. 
"Gülüstan" bazarynda ilata satylýan et. 

Garaşsyzlyk baýramynyň we Halk maslahatynyň öňýanynda, Aşgabat şäheriniň bazarlarynda hem-de döwlet dükanlarynda arzan bahadan et satylyp başlandy. Bazar bahasyndan et satýan hususy söwdagärler söwda merkezlerinden çykaryldy. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy habar berýär.

"Irden "Gülüstan" bazarynda dürli etler satuwa çykaryldy. 1 kilogramy 24 manada durýan etden satyn almak üçin onlarça raýat nobata durýar. Eti bazardaky üç nokatda satýarlar. Olaryň her birinde azyndan 40-50 adam nobata dur" diýip, gizlinlik şertinde söhbetdeş bolan habarçy 24-nji sentýabrda gürrüň berdi.

Ýatlatsak, geçen hepde Azatlygyň habarçylary paýtagtyň hususyýetçilerinde etiň bahasynyň tas iki esse gymmatlandygyny we onuň 1 kilogramynyň 80 manada ýetendigini habar beripdiler.

Habarçy häzirki wagtda arzan bahadan et satuwa çykarylan bolsa-da, onuň hiliniň juda pesdigini, arasyna bagyr, öýken we böwrek bölekleriniň garylyp berilýändigini hem aýtdy.

"Nobata duran adamlaryň her birine iki ýarym kilogram et satylýar. Ýöne etiň arasyna bir bölek bagyr, öýken we ownuk böwrek hem goşýarlar. Şeýlelikde, ol arassa et bolmaýar. Munuň üçin alyjylar takmynan 65 manat töleýärler" diýip, habarçy belledi.

Onuň sözlerine görä, polisiýa işgärleri nobatlara berk gözegçilik edýärler we et bölümine her gezekde diňe bäş adamyň girmegine rugsat berýärler.

"Polisiýa işgärleri, hiç kim et nobatlaryny surata düşürmez ýaly, alyjylardan gözüni aýyrmaýarlar" diýip, ol sözüniň üstüne goşdy.

Habarçy bazar bahasyndan et satýan hususy söwdagärleriň tas ählisiniň söwda merkezlerinden çykarylandygyny hem aýdýar. Häzirki wagtda bazarlarda diňe döwlet tarapyndan kesgitlenen bahadan - 1 kilogram eti 24 manatdan - satýan satyjylaryň söwda etmegine rugsat berilýär.

"Et döwlet eýeçiligindäki öri meýdanlarda ownuk we iri şahly haýwanlary ýetişdirýän maldarlardan gelýär. Olar häkimiýetleriň gözegçiligi astyndaky döwlet dükanlaryna et paýlaýarlar" diýip, habarçy belledi.

Paýtagtyň döwlet dükanlarynda et nobatlarynyň emele gelendigi barada "Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri hem habar berdi. Neşir 24-nji sentýabrda çap eden maglumatynda döwlet dükanlarynda 1 kilogram etiň 24 manatdan, hususy dükanlarda 70-80 manatdan bahalanýandygyny hem aýtdy.

18-nji sentýabrda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary paýtagtda azyk önümleriniň bahasynyň ep-esli ýokarlanandygyny we etiň tas iki esse gymmatlandygyny habar berdiler. Şonda habarçylarymyz supermarketlerde 1 kilogram sygyr etiniň bahasynyň 80 manada ýetýändigini, birnäçe hepde öň şol etiň 38-45 manat bolandygyny hem gürrüň berdiler.

Paýtagtda azyk bahalarynyň birden ýokarlanmagyna, soňra-da çäkli möçberde arzan bahadan satylmagyna resmi düşündiriş berilmeýär. Resmiler içerki bazardaky bahalaryň üýtgemeginiň dinamikasy we sebäpleri barada hiç zat aýtmaýarlar.

Ýöne geçen hepde Azatlygyň çeşmeleri etiň bahasynyň ýokarlanmagynyň mal soýmagyň wagtlaýyn çäklendirilmegi we bazarlaryň et bilen üpjünçiliginiň azalmagy bilen baglanyşyklydygyny aýdypdylar.

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşigindäki çeşme soýulýan malyň azalmagyny şu aýda boljak döwlet baýramçylygyna we wajyp syýasy wakalara gabat günlerde ýurtda "azyk bolçulygyny" döretmek üçin öňünden ýeterlik azyk toplamak maksadyna gönükdirilýändigini belläpdi.

Soňky ýyllarda türkmen häkimiýetleri Täze ýyl, Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ýaly ýurtda bellenilýän uly baýramçylyklaryň öňýanynda, bazarlarda we söwda nokatlarynda "azyk bolçulygyny" döredýärler we bahalary belli bir derejede aşakladýarlar.

Ýöne geçen ýyllaryň tejribesini nazara alanymyzda, baýramçylyklaryň yzýany adatdan daşary arzan azyk bolçulygy aradan aýrylýar we bahalar öňki-öňkülik bolýar.

Türkmenistan soňky üç ýyldan gowrak wagt bäri ýiti ykdysady kynçylyklary başdan geçirýär. Ýurduň ilaty azyk harytlarynyň gymmatlamagy hem-de un, çörek, ýumurtga, towuk eti, tüwi we ýag ýaly azyk önümleriniň ýetmezçiligi bilen yzygiderli ýüzbe-ýüz bolýar.

Türkmenistanda 25-nji sentýabrda Halk Maslahaty geçirilip, 27-nji sentýabrda Garaşsyzlyk güni bellenilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG