Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

"Pul ýene gutardy." Aşgabadyň bankomatlarynda nobatlar saklanýar


Adamlar boş bankomatlaryň öňünde oturyp, pula garaşýarlar. Bäherden, Türkmenistanyň Ahal welaýaty, awgust, 2020.

Türkmenistanda nagt pul krizisi dowam edýär. Bankomatlaryň köpüsi işlemeýär ýa-da hemişe boş bolýar, kämahal pul bolan halatynda çekip bolýan puluň möçberiniň we hümmetiniň berk çäklendirilmegine garamazdan, çalt gutarýar. Bu ýagdaý üç ýyl töweregi yzygiderli dowam edýän hem bolsa, häkimiýetler meseläni çözmän gelýärler.

8-nji oktýabrda Azatlygyň habarçylary Türkmenistanyň paýtagtyndaky bankomatlarda şu günki ýagdaý barada habar berdiler:

- Parahat 4-de, Türkmenistan Bankyndaky bankomatlara nobat uly, bankyň girelgesinde durlar. Ir sagat 10-da pul gutardy, diýip garawul aýtdy we öýlän sagat 2-de gelmegi salgy berdi. Tanyşlarymyň hemmesi bu problemalardan zeýrenýärler, köp bankomatlar ýapyk.

- Magtymguly şaýolundaky türkmen-türk bankynda, ilki talon almak talap edilýär. Bu gynandyryjy tejribe Aşgabat şäherine-de ýetdi. 30-njy etrapçada Ostrowskiý köçesindäki bankda, diňe bir bankomat galdy we onda diňe 100 manat berilýär. Şu gün şeýle. Adamlar häkimiýetler bizi ýene-de "bankoMATA" ugratdy diýip ýaňsylaýarlar.

- Türkmenistan Bankynyň merkezi ofisinde we beýleki şahamçalarynda bank işgärleri müşderiler bilen gaty gödek gürleşýärler we hyzmatlary islegsiz berjaý edýärler.

- Paýtagtyň Gündogar köçesinde ýerleşýän şahamçalarda adamlar plastik kartoçkalardan pul almak üçin ullakan nobata durýarlar.

Aşgabat, oktýabr, 2020
Aşgabat, oktýabr, 2020

Azatlyk Radiosy Aşgabatdaky habarçylarynyň gürrüň beren bu problemalary barada agzalan banklaryň özünden resmi düşündiriş alyp bilmedi.

Türkmenistanyň häkimiýetleri bank pudagyndaky problemalara seýrek degýärler, problemalaryň sebäbini düşündirmeýärler. Şol bir wagtyň özünde, problemalary çözmegiň ýerine ilata bolan talaplar hasam güýçlendirilýär, ilatyň puly nagtlaşdyrmak mümkinçiligini çäklendirýän täze düzgünler girizilýär we bankomatlar ýok edilýär.

Aşgabatdaky habarçylar indi paýtagtyň bankomatlaryndan pul almak üçin nobata durýanlardan talon almagyň talap edilýändigini bellediler. Ondan öň bu tertip sebit merkezlerinde girizilipdi. Mundan başga-da, sentýabryň ortalarynda Mary welaýatynyň oba ýaşaýjylary şäher bankomatlaryndan pul çekmek üçin resmileşdirilen ynanç hatyny almaga mejbur edildi.

Bankomatlardan alyp bolýan puluň mukdaryna hem çäklendirmeler saklanýar. Kart eýesi öz hasabyndan bir gezekde 800 manatdan köp pul çekip bilmeýär.

Merkezi bankyň maglumatyna görä, ýurduň banklary tarapyndan ilata 4,364.083 plastik karty berlipdir. Häzirki wagtda ýurtda 2118 bankomat işleýär, olaryň köpüsi Aşgabatda (469), Maryda (453) Lebapda (446), Ahalda (249), Balkanda (279) we Daşoguzda (286) bankomat ýerleşýär.

Şeýle-de, şu günki gün türkmen banklarynyň müşderileri VISA kartynyň hasabyna pul goýmakda hem kynçylyk çekýärler.

"Türkmenistanyň bankynda alnan VISA kartoçkasyna pul goýmak üçin gije nobata durmalysyňyz. Bir nobatda duranyňyzdan soň hem hasaba pul goýmak bilen bagly çözülmeli käbir beýleki meseleler ýüze çykýar. Şeýlelik bilen, bolup geçýän zatlar korrupsiýa üçin şert döredýär. VISA kartyna pul goýmak üçin köp adam goşmaça 400 manat tölemeli bolýar" diýip, Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy 8-nji oktýabrda aýtdy.

Türkmenistanda puly nagtlaşdyrmakdaky kynçylyklar, aýlyklaryň we pensiýalaryň nagt däl usulyna köpçülikleýin geçenden soň başlandy. Soňky ýyllarda boş bankomatlar, uly nobatlar, adamlaryň pullaryny çekmek üçin ençeme sagatlap, käte birnäçe günläp garaşyp durmagy, dawa, ýakalaşyk we nobatlarda heläkçilikli ýagdaýlaryň döremegi adaty bir zada öwrüldi.

Ýurduň häkimiýetleri meseläniň agyrdygyny ykrar etmeýärler we problema ilata basyş etmek hem bankomatlary ýok etmek bilen çemeleşýärler.

Bank pudagyndaky krizis halkyň nägileligini güýçlendirýär. Öz-özünden nägilelikli çykyşlar barha köpelýär, adamlar banklara ýygnanyp, pullaryny talap edýärler we köçeleri petikleýärler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Teswirleri gör

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG